2 Goý, Ysraýyl diýsin: «Onuň söýgüsi baky».
2 Гой, Ысрайыл дийсин: «Онуң сөйгүси бакы».
Ähli meýdan haýwanlaryny hem suwa ýakýar, gulanlary suwdan gandyrýar.
Reb pespälleri galdyrýar, Ol erbetleri ýere pylçaýar.
Çünki Sen beýiksiň, ajaýyp işleri edýän hem Sensiň, diňe Sensiň – ýeke-täk Hudaý.
Hudaýyň adamy Musanyň dogasy
Ýa Reb, Sensiň meniň Hudaýym! Seni arşa çykararyn, alkyşa beslärin adyňy, çünki Sen ajaýyp işler etdiň, owaldan karar etdiň, kämil sadyklyk bilen.
Owaldan bäri ata-babalarymyza söz berşiň ýaly, Ýakuba we Ybraýyma wepalylygyňy görkezersiň.
Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez.
Isa Mesih gelende, suwa çümdürildi. Ol biziň üçin ganyny dökdi. Ol diňe suwa çümdüriliş arkaly däl, eýsem döken gany arkaly hem Özüni aýan etdi. Mukaddes Ruh muňa şaýatdyr we Onuň şaýatlygy hakykatdyr.