Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 115:4 - Mukaddes Kitap

4 Gutulyş pyýalasyny galdyryp, Rebbim diýip Ony çagyraryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Гутулыш пыяласыны галдырып, Реббим дийип Оны чагырарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 115:4
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, olar özlerine berlen öküzi alyp taýýarlap, ertirden günortana çenli Bagaldan dileg edip, gygyryşyp: «Eý, Bagal, bize jogap ber!» diýip, özleriniň guran gurbanlyk sypasynyň töwereginde bökjekleşip, tans etmeklerini dowam etdiler, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.


Wagt öýleden agyp, agşam gurbanlygy hödürlenmeli wagta çenli, olar uly goh-galmagal bilen tans edip, pygamberlik eden boldular, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.


Şol milletleriň hudaýlaryny oda atyp ýakdylar, olar hudaýlar däldi. Olar adamlaryň agaçdan we daşdan ýasan butlarydy.


Olar Iýerusalimde mesgen tutýan Hudaýy hakda-da dünýä halklarynyň ynsan eli bilen ýasalan hudaýlary hakda sözleýişleri ýaly sözlediler.


Güwwüldeşsin deňiz we ondakylaryň ählisi, dünýä we onda ýaşaýanlaryň bary.


Şol milletleriň hudaýlaryny oda atyp ýakdylar, olar hudaýlar däldi. Olar adamlaryň agaçdan we daşdan ýasan butlarydy.


Oýma butlara bil baglap, guýma butlara: «Hudaýlarymyz sizsiňiz» diýýänler yzlaryna uly utanç bilen dönderiler.


Derde ýarawsyz hudaýy, ýa guýma buty kim ýasaýar?


Küli hörek edinýärler aldanan kalplary azaşdyrýar olary, janlaryny halas edip bilmeýärler, «Sag elimdäki zat ýalan dälmi?» diýip bilmeýärler.


But ýasaýanlaryň bary biderekdir, olara ýaraýan zatlar peýdasyzdyr, olaryň şaýatlary ne görýär, ne-de zat bilýär. Utanja galdyrylar olar.


Surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesini eşiden badyňyza Nebukadnesar patyşanyň diken altyn heýkeliniň öňünde ýere ýüzin düşüp sežde ediň.


Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.


Çünki bu but Ysraýylyň işidir. Ony ussa ýasady. Ol Hudaý däldir. Samariýanyň gölesi bölek-bölek bolar.


Emma Pawlusyň: „Ynsan eli bilen ýasalan hudaýlar asla hudaý däldir“ diýip, diňe Efesde däl, eýsem, bütin Aziýa welaýatynda köp adamlary ynandyryp azdyrandygyny-da görüp-eşidýänsiňiz.


Şäher kätibi mähelläni köşeşdirip, şeýle diýdi: «Eý, efesliler! Beýik Artemis buthanasynyň we asmandan inen heýkeliniň goragçysynyň Efes şäheridigini kim bilmeýär?!


Ol ýerde siz adamlar tarapyndan ýasalan hudaýlara, agaçdan we daşdan ýasalan, ne görýän, ne eşidýän, ne iýýän, ne-de ys alýan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ