Munuň üçin ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Eý, ysraýyl halky, Men muny siziň hatyraňyza däl-de, siziň milletleriň arasyna gidip, ysnat getiren Öz mukaddes adymyň hatyrasyna edýärin.
Eger kenganlar we beýleki halklar bu hakda eşitseler, olar biziň daşymyzy gabap alarlar hem-de biziň adymyzy ýer ýüzünden süpürip taşlarlar. Şonda Sen Öz beýik adyň üçin näme edip bilersiň?»