Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 113:5 - Mukaddes Kitap

5 Eý, deňiz, näme üçin gaçdyň? Eý, Iordan derýasy, näme üçin tersine akdyň?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Эй, деңиз, нәме үчин гачдың? Эй, Иордан дерясы, нәме үчин терсине акдың?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 113:5
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol möwsümleri kesgitlemek üçin Aýy ýaratdy, Gün hem öz ýaşmaly wagtyny bilýär.


Goý, Reb ähli ýaranjaň agyzlary, badyhowa gürleýän dilleri kessin.


Çünki ýaşaýşyň gözbaşy Sende, biz nur görýäris Seniň nuruňda.


Olary syryp äkidýärsiň, olar düýş ýaly, olar säher çagy bitýän ot ýaly; ol ir säherde ösüp, gülleýär, agşamyna bolsa orlup, guraýar.


Seniň gaharyňdan ýaňa biz ýok bolýarys, gazabyňdan ýaňa dowla düşýäris.


Sen günälerimizi goýduň öňüňde, gizlin günälerimizi – Öz gözleriňiň alnynda.


Ähli günlerimiz gazabyňyň astynda geçýär, ýyllarymyz bir dem kimin soňlanyp barýar.


Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.


Tagt merhemet bilen berkidiler, sadyklyk bilen şalyk sürer Dawudyň nesillerinden biri, adalaty agtarýan hökümdar dogrulygy ýöreder.


Onda Hudaýy kime meňzedýärsiňiz? Haýsy meňzetmäni ulanýarsyňyz Onuň üçin?


«Meni kime meňzedersiňiz? Kim Maňa taý geler?» Muny Mukaddes Bolan diýýär.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Saňa meňzeş ýokdur, ýa Reb. Sen beýiksiň, gudratda adyň beýikdir.


«Eý, Ýeşurun, saňa kömek etmek üçin asmandan uçýan, bulutlar arasyndan gudrat görkezýän, seniň Hudaýyňa taý geljek ýokdur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ