Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 112:9 - Mukaddes Kitap

9 Önelgesiz aýalyň öýüni dikýär, ony çagalaryna guwandyryp, bagtyýar edýär. Rebbe şan-şöhrat bolsun!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Өнелгесиз аялың өйүни дикйәр, оны чагаларына гувандырып, багтыяр эдйәр. Реббе шан-шөхрат болсун!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 112:9
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bolelinlik, baýlyk onuň öýünde bolar, dogrulygy dowam eder asyrlarboýy.


Günüň dogýan ýerinden batýan ýerine çenli, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!


Danalygyň baýlygy hormat täjidir, akmaklaryň bezegi olaryň akmaklygydyr.


Kim garyba merhemet edýän bolsa, Rebbe karz berýär, Reb onuň öwezini gaýtarar.


Ol uzak gün açgözlük bilen isleýär, dogruçyl bolsa ölçemän berýär we gysganmaýar.


Tohumyňy irden sep, agşam-da eliň boş durmasyn. Çünki sen haýsy işiň bähbitli boljakdygyny bilýän dälsiň.


Agtarmagyň öz wagty bar, ýitirmegiň öz wagty, saklamagyň öz wagty bar, zyňmagyň öz wagty.


Emma asylzada asylly niýet edýär, asylly işlerinde berk durýar ol.


açlaryň hatyrasyna janyňyzy pida etseňiz, ejirlileri zerur zatlary bilen doýursaňyz, garaňkylykda nuruňyz ýalpyldap, tümlügiň günorta çagy dek bolar.


Çöregiňi aç bilen paýlaşyp, öýsüz garyby öýüňe getirmek üçin dälmi? Ýalaňajy görende, oňa eşik berip, garyndaşlaryňyzdan kömegiňizi gaýgyrmazlyk üçin dälmi?


Şunlukda, berýän sadakaňyz gizlin bolsun. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.


Garyplar hemişe siziň ýanyňyzdadyr, olara islän mahalyňyz ýagşylyk edip bilersiňiz, emma Men hemişe ýanyňyzda bolmaryn.


Mätäçlere ýürekden sadaka beriň, şonda hemmesi siziň üçin arassa bolar.


Emlägiňizi satyň, garyplara sadaka beriň. Özüňize könelmeýän gapjyk, gökde tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe iýýän däldir.


Size şuny aýdýaryn: özüňize dost gazanmak üçin dünýäniň baýlygyny ulanyň, bu mal-mülk gutaranda bolsa, siz ebedi galjak mesgenlere kabul edilersiňiz.


Pul torba Ýudasda bolansoň, käbirleri Isa oňa: «Baýram üçin bize gerek zatlary satyn al» ýa-da «Garyplara biraz pul paýla» diýýändir öýtdüler.


Öz ellerim bilen işläp, mätäçlik çekýänlere kömek etmekde men size görelde görkezdim. Rebbimiz Isanyň hut Özüniň: „Bermek almakdan has köp bagtyýarlyk getirýär“ diýen sözlerini ýatda saklaň».


resullaryň öňünde goýýardylar. Şeýlelikde, her kime geregiçe paýlanýardy.


Imandaky doganlaryňyz mätäçlik çekse, olara kömek beriň, myhmansöýer boluň.


Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi.


Ýer ýüzünde hemişe ýeter-ýetmezler bolar. Şonuň üçin hem, men size: „Ýerleriňizde ýaşaýan garyplara we mätäç ysraýyl doganlaryňyza eliňiz giňden açyk bolsun“ diýýärin.


Sürüleriňizden, harmanyňyzdan we şerabyňyzdan oňa jomartlyk bilen beriň, şeýle hem Hudaýyňyz Rebbiň bereket eçilip, size beren zatlaryndan oňa sowgatlar beriň.


Onuň girewini Gün batmanka yzyna eltip beriň, şonda ol öz donunda ýatar we size alkyş aýdar. Şeýle hem bu Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda saňa dogrulyk saýylar.


Olara ýagşylyk etmegi, ýagşy işler, sahylyk we jomartlyk hazynasyny toplamagy buýur.


Ýagşylyk etmegi we elde baryňyzy beýlekilere eçilmegi unutmaň, sebäbi şunuň ýaly sadakalar Hudaýa ýaraýandyr.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


Goý, ýamanlyk edýän ýene ýamanlyk etsin, pislik edýän ýene pislik etsin. Dogry iş edýän ýene dogrulyk etsin, mukaddes öz mukaddesligini saklasyn».


Onsoň Hanna Rebbe dileg etdi: «Reb kalbymy şatlyga besledi, Reb bilime kuwwat berdi. Seniň halas edeniň üçin, men şadyýan! Duşmanlarymyň üstünden gülýän.


Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ