4 Reb ähli milletlerden belentde, Onuň şan-şöhraty gökler üstünde.
4 Реб әхли миллетлерден белентде, Онуң шан-шөхраты гөклер үстүнде.
Günorta çagyndanam ýagty bolar ömrüň, säher deý bolar garaňkylygyň.
Ol diýen zadyňy ýerine ýetirer, ýollaryňa nur çaýylar.
Şol wagtlar Hudaýyň çyrasy depäme nur saçardy, garaňkylykda Onuň nury bilen ýörärdim.
«Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky!» –
Akmaklygym zerarly ýaralarym iriňledi hem-de porsady.
Dogruçyllyk hem sadyklyk yzlaýan adam ýaşaýyş hem hormat tapar.
Siziň araňyzda Rebden gorkup, Onuň gulunyň sözüne gulak asýan barmy? Garaňkylykda gezýän, yşygy bolmadyk, Rebbiň adyna bil baglap, Hudaýyna daýansyn.
açlaryň hatyrasyna janyňyzy pida etseňiz, ejirlileri zerur zatlary bilen doýursaňyz, garaňkylykda nuruňyz ýalpyldap, tümlügiň günorta çagy dek bolar.
Şonda nuruňyz daň kimin ýalpyldar, basym şypa taparsyňyz, dogrulygyňyz öňüňizden gider, Rebbiň şöhraty yzda goragyňyz bolar.
Ýöne Meniň adymdan gorkýan siz üçin şöhlesi bilen şypa berjek adalat güneşi dogar. Siz şonda gazygyndan boşanan göle ýaly böküşersiňiz.
Gökdäki Ataňyzyň rehimli bolşy ýaly, siz-de rehimli boluň.
Maňa iman eden her kes garaňkylykda galmasyn diýip, Men dünýä nur bolup geldim.
Biri-biriňize mähirli we rehim-şepagatly boluň. Hudaýyň sizi Mesih arkaly bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň.
Şeýlelikde, nähili ýaşaýandygyňyza üns beriň. Nadanlar ýaly däl-de, danalar ýaly ýaşaň.
Dogrudanam, ähli ýagşylyk, dogrulyk we hakykat nuruň miwesidir.
Siz Mesihiň adyldygyny bilýänsiňiz, şonuň üçin adalaty berjaý edýän her bir ynsan Hudaýyň perzendidir.
Kimiň Hudaýyň perzendidigi, kimiň bolsa iblisiňkidigi şundan belli: dogry iş etmeýän we doganyny söýmeýän adam Hudaýdan däldir.
Eziz balalarym! Hiç kime özüňizi aldatmaň! Mesihiň dogruçyl bolşy ýaly, dogry iş edýän adam hem dogruçyldyr.