Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 11:7 - Mukaddes Kitap

7 Rebbiň sözleri sap sözlerdir, toýun küresinde arassalanyp, ýedi gezek saplanan kümüş kimindir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Реббиң сөзлери сап сөзлердир, тоюн күресинде арассаланып, еди гезек сапланан күмүш киминдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 11:7
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dogrulardan gözüni aýyrmaz, olary şalar bilen tagtda oturdyp, mertebelerini ebedilik beýgeldýär.


Ol gökleri bulutlara büreýär, toprak üçin ýagyşlary taýynlap goýýar, baýyrlarda gök otlary gögerdýär.


Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny, ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.


Olar Saňa perýat edip, halas boldular; Saňa bil bagladylar, baglan umydynda aldanmadylar.


Reb eşidýär dogrular perýat edende, Ol olary ähli muşakgatlaryndan halas eýleýär.


Men Rebbi agtardym, Ol jogap berdi hem-de ähli howplardan meni halas eýledi.


Olar bolsa büdränime şatlanyp, ýygnanardylar; myjabatçylar maňa garşy toplanardylar; agsan bolup, meni ýaňsylardylar; meni dyngysyz parçalardylar.


Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene Oňa – Halasgärime we Hudaýyma öwgi aýdaryn.


Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär.


Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir.


Seni pena edinýänleriň bary şatlansyn, elmydama joşup, nagmalar aýtsyn; çünki olary goraýarsyň Sen, adyňa aşyklar Sende şat bolsun.


Hudaýdadyr meniň galkanym, Ol dogry ýüreklini halas edýändir.


Reb halklara höküm çykarýar; ýa Reb, dogrulygym bilen päkligime görä, Sen meni akla.


Derwezelerinden giriň şükürler bilen, howlularyna – öwgüler bilen. Oňa şükür ediň, adyna alkyşlar aýdyň.


Erbetleriň ýoly Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllygy yzlaýany bolsa Ol halaýandyr.


«Men – Reb adalaty söýýändirin, talaňçylygy, nähaklygy ýigrenýändirin. Olara muzdlaryny takyk bererin, olar bilen ebedi äht baglaşaryn.


Dogry adamlarda Rebbiň gözleri, perýatlaryna açyk Onuň gulagy. Ýöne Rebbiň ýüzi ýamanlyk edýänlere garşydyr».


Mähribanlarym, biz indi Hudaýyň perzentleridiris. Biziň nähili özgerjekdigimiz entek belli däl, emma Mesihiň geljek pursadynda Oňa meňzejekdigimizi bilýäris, sebäbi Ony bolşy ýaly göreris.


Olar Hudaýyň ýüzüni görerler, maňlaýlarynda Onuň ady bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ