Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 11:4 - Mukaddes Kitap

4 Goý, Reb ähli ýaranjaň agyzlary, badyhowa gürleýän dilleri kessin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Гой, Реб әхли яранҗаң агызлары, бадыхова гүрлейән диллери кессин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 11:4
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykan günümden bäri öýde mesgen tutmadym; çadyrymy ondan-oňa göçürip ýaşap ýördüm.


Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň».


Hudaý olara howpsuzlyk berýär, olar Oňa daýanýarlar, Onuň gözi olaryň ýollaryndadyr.


Ol möwsümleri kesgitlemek üçin Aýy ýaratdy, Gün hem öz ýaşmaly wagtyny bilýär.


Eý, deňiz, näme üçin gaçdyň? Eý, Iordan derýasy, näme üçin tersine akdyň?


Kämil gezýän, dogry iş edýän, hem-de ýüreginden hakykaty sözleýän,


Gün gelin jaýdan giýew dek çykýar, ylgamakçy bolýan ýüwrük kimin şatlanýar.


Göklerde oturan Taňry olaryň üstünden gülýär hem-de olary masgaralaýar.


Isleýärmiň döwran sürmegi? Göresiň gelýärmi ýagşy günleri?


Toprak öz hasylyny eçildi; Hudaý, biziň Hudaýymyz bize bereket bersin.


Adyňy bilýänler Saňa bil baglar, çünki, ýa Reb, Sen Özüňi agtarýanlary terk eden dälsiň.


Rebbiň gözi hemme ýerdedir, ýamana-ýagşa bakýandyr.


Reb şeýle diýýär: «Gökler Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa gurjak öýüňiz hany?! Dynçlyk mekanym nirede boljak?!


«Men-Reb her ynsana tutan ýoluna, eden işlerine görä jeza bermek üçin, ynsanyň ýüregini barlaýaryn, pikirlerini synaýaryn».


Gizlin ýerlerde bukulany Meniň görmejek gümanym barmy? Muny Reb aýdýandyr. Asmany hem ýeri Men doldurmaýarynmy? Muny Reb aýdýandyr.


Ähliňiz eşidiň, eý, halklar! Gulak goýuň, eý, zemin we onuň ýaşaýjylary! Hökmürowan Reb mukaddes mesgeninden size garşy güwälik eder.


Emma Özüniň mukaddes ybadathanasyndadyr Reb, goý, bütin dünýä dymsyn Onuň öňünde!


Ähli janly-jandarlar, Rebbiň öňünde ümsüm boluň; Ol turup, mukaddes mekanyndan çykyp gelýär.


Ybadathanadan ant içýän, ondan hem, onda mekan tutan Hudaýdan hem ant içýändir.


Men welin size asla ant içmäň diýýärin. Gökden ant içmäň, çünki gök Hudaýyň tagtydyr.


Reb, olara, ine, şeýle diýdi: „Gökler Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa nähili öý gurjaksyňyz siz?! Haýsy ýer dynçlyk mekanym bolar?!


Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.


Hudaýdan gizlin ýaradylan hiç zat ýokdur, Onuň nazarynda ähli zat açyk we mese-mälimdir. Biz Oňa hasabat bermelidiris.


Şol pursadyň özünde meniň üstüme Mukaddes Ruh indi. Men gökde bir tagtyň duranyny, onuň üstünde-de Biriniň oturandygyny gördüm.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ