Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçli adama garşy çykmakda ejize diňe Sen ýardam berýänsiň. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk».
Efiopiýalylar we liwiýalylar biçak köp söweş arabaly we sansyz-sajaksyz söweş arabaly esgerleri bolan goşun dälmidi? Emma Rebbe bil baglandygyňyz üçin, Reb olary siziň eliňize berdi.
Şawul Dawudy ertir daň bilen öldürmek üçin, onuň öýüni garawullaň diýip, öz adamlaryny iberdi. Aýaly Mikal Dawuda: «Eger-de şu gije başyňy gutarmasaň, ertir seni öldürerler» diýdi.
Dawut ol ýerden Mowapdaky Mispä gitdi. Ol Mowap patyşasyna: «Hudaýyň meni näme etjegi belli bolýança, kakam bilen ejemi öz ýanyňyzda saklap bilmezmisiňiz?» diýdi.
Dawut öz ýanyndan şeýle diýdi: «Günlerde bir gün men Şawulyň elinden heläk bolaryn. Gowusy, men piliştlileriň ýurduna gaçaýyn. Şeýtsem, Şawul meni Ysraýylyň çäginden tapmak umydyny üzer; men onuň elinden halas bolaryn».