4 Reb ant içdi, Ol ondan dänmez: «Mäliksadyk derejesindäki müdimilik ruhanysyň sen».
4 Реб ант ичди, Ол ондан дәнмез: «Мәликсадык дереҗесиндәки мүдимилик руханысың сен».
Amnonyň ölüminden soň, köp wagtyň geçmegi bilen Dawut patyşa köşeşdi, ol indi Abşalomy yzarlajak hem bolmady.
Hanun Dawudyň çaparlaryny tutup, olaryň sakgallaryny syrdy, geýimlerini syrtlaryna çenli ortasyndan kesdirip, yzlaryna ugratdy.
Tekepbiriň aýagy meni basgylamasyn, erbet adamlaryň eli meni kowmasyn.
Seniň dogrulygyň belent daglar deý, Seniň adalatly hökümleriň düýpsüz çuňluk deý. Ýa Reb, Sen ynsany, haýwany halas edýärsiň.
Ýagşylyga ýamanlyk gaýtarýanyň öýünden ýamanlyk gitmez.
Permana gol çekilenini bilenden soň, Danyýel öýüne gaýtdy. Onuň ýokarky otagynyň penjireleri Iýerusalime tarap bakýardy. Danyýel öňki edişi ýaly, dyzyna çöküp, günde üç gezek öz Hudaýyna dileg edýärdi we Onuň öňünde şükür edýärdi.
Isa: «Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar.
Isa olara: «Men Atam tarapyndan size köp ýagşylyklar etdim. Bularyň haýsysy üçin Meni daşlajak bolýarsyňyz?» diýdi.
Men size diňe ähli zadymy däl, eýsem özümi hem höwes bilen sarp ederin. Men sizi şeýle söýýärin! Onda näme üçin siz meni beýle az söýýärsiňiz?