2 Reb Siondan uzadar şalyk hasaňy, duşmanlaryňa ýöret sen öz hökümiňi.
2 Реб Сиондан узадар шалык хасаңы, душманларыңа йөрет сен өз хөкүмиңи.
Çünki men ýewreýleriň ýurdundan ogurlanyp getirildim, hatda şu ýerde-de, Müsürde zyndana taşlanar ýaly, men hiç hili günä etmedim».
Ahytopel Abşaloma şeýle diýdi: «Ygtyýar et, on iki müň adamy saýlaýyn-da, şu gije Dawudyň yzyndan kowalaýyn.
Ýa Reb, garawul goý meniň agzyma, meniň dilimi gora.
Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar, bary deň derejede haram boldular; ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.
Çyn dil ebedilikdir, ýalançy dil az salymlykdyr.
Dogruçylyň aňy jogap berende oýlanýandyr, erbetleriň agzy ýamanlygy sowurýandyr.
tekepbir gözi, ýalançy dili, bigünä gan dökýän eli,
«Ýalan üçin dillerini ýaý kimin egreldýärler. Ýurtda olaryň güýji nädogrulyk bilen güýçlenýär, çünki pislik üstüne pislik edýärler, Meni asla tanamaýarlar». Muny Reb aýdýandyr.
Her kim öz dostuny aldaýar, hiç kim hakykaty sözlemeýär. Dillerine ýalan sözlemegi öwretdiler, şer işler edip, toba etmegi bilmediler.
Olar galp şaýatlary getirdiler. Galp şaýatlar: «Bu adam yzyny üzmän bu mukaddes ybadathana we Mukaddes Kanuna garşy gepleýär.