8 Onuň günleri sanlyja bolsun, başga onuň ornuny alsyn.
8 Онуң гүнлери санлыҗа болсун, башга онуң орнуны алсын.
Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.
Neriň ogly Abner Şawulyň goşunbaşysydy. Ol Şawulyň ogly Yşboşedi Mahanaýyma getirdi.
Dawut Hebronda Ýahudanyň üstünden ýedi ýyl, alty aý, Iýerusalimde oturyp, tutuş Ysraýyl bilen Ýahuda otuz üç ýyl patyşalyk etdi.
Ol ilkinji doglan öküz ýaly haýbatlydyr, ýabany öküziňki kimindir onuň şahlary. Bir şahy Efraýymyň on müňüsidir, beýlekisi Manaşanyň müňüsidir. Ol halklary şahlary bilen süser, ýeriň ol ujuna çenli olary kowar».
Piliştliler toplandylar we gelip, Şunemde düşelge gurdular. Şawul hem ähli ysraýyllary jemläp, Gilbowada düşelge gurdy.