5 Olar ýagşylygyma ýamanlyk edýär, söýgime derek meni ýigrenýär.
5 Олар ягшылыгыма яманлык эдйәр, сөйгиме дерек мени йигренйәр.
Goý, olar Rebbiň adyny şöhratlandyrsyn, çünki diňe Onuň ady beýgeldilendir, Onuň şan-şöhraty ýerden-gökden belentdir.
Birentek öküzler meni gurşady, güýçli Başan öküzleri meni gabady;
Öç alnanyny görende dogry ynsan şat bolar, erbediň ganynda aýaklaryny ýuwar.
Olar alahöwren ýaly zäherlidirler. Olar ökde jadygöýüň ýa-da owsunçynyň jadylaýjy sesini eşitmeýän ker kepjebaş ýaly gulaklaryny dykýarlar.
Olar bir salymda wes-weýran boldy, wehimden ýaňa ýok bolup gitdi!
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Dawudyň mezmury.
Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».
Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“