4 Men olar üçin doga-dileg edýärin, olar bolsa söýgime derek meni ýazgarýar.
4 Мен олар үчин дога-дилег эдйәрин, олар болса сөйгиме дерек мени язгаряр.
Munuň üçin milletler arasynda Seni alkyşlaryn, ýa Reb! Seniň adyňa nagma aýdaryn!
Ähli meýdan haýwanlaryny hem suwa ýakýar, gulanlary suwdan gandyrýar.
Daglar bökjekleşdi goçlar ýaly, depeler hem – guzular ýaly.
Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla, şonda Ol saňa hemaýat berer.
Çünki Sen beýiksiň, ajaýyp işleri edýän hem Sensiň, diňe Sensiň – ýeke-täk Hudaý.
Ýa Taňry, mesgenimiz bolduň nesillerboýy.
Seniň nazaryňda müň ýyl düýnki geçen gün ýa gijäniň nobaty ýaly.
«Gökler ýerden nähili beýiklikde bolsa, Meniň ýollarym-da siziň ýollaryňyzdan, Meniň pikirlerim-de siziň pikirleriňizden beýikdir.