Hudaý biziň baştutanymyzdyr. Onuň ruhanylarynyň ellerinde size garşy urşy yglan etmäge surnaýlar bardyr. Eý, ysraýyllar, atalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň garşysyna uruş etmäň, çünki siz ýeňiş gazanyp bilmersiňiz».
Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçli adama garşy çykmakda ejize diňe Sen ýardam berýänsiň. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk».
Ýahazyýal şeýle diýdi: «Eý, ýahuda halky, Iýerusalimiň ilaty, patyşa Ýehoşapat, gulak asyň! Reb size şeýle diýýär: „Siz bu beýik goşundan gorkmaň, heder etmäň, çünki uruş siziňki däldir, Hudaýyňkydyr.
Ýurduňyzda siziň üstüňize çozan duşmana garşy söweşe çykanyňyzda, surnaýlar bilen söweş sazyny çalyň. Şonda Hudaýyňyz Reb sizi ýatlar we duşmanlaryňyzdan halas eder.
Dawut ýanyndakylardan: «Bu piliştlini öldürip, Ysraýyly şu aýypdan dyndarana näme ediljek diýdiňiz? Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz kim bolupdyr?» diyip sorady.