Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 107:3 - Mukaddes Kitap

3 Oýan sen, eý, meniň ýüregim. Oýanyň, arfa hem lira! Men daňy oýararyn nagmalar bilen.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Оян сен, эй, мениң йүрегим. Ояның, арфа хем лира! Мен даңы оярарын нагмалар билен.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 107:3
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, olar uzaklardan, käsi demirgazykdan, käsi günbatardan, hatda Sinim ýurdundan gelerler.


«Men seni bir salym terk etdim, ýöne beýik rehim bilen seni ýygnaryn.


Ysraýylyň kowlanlaryny toplaýan Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men öýüme eýýäm toplananlardan beýlekilerini-de toplaryn».


Şonda siz Meni taparsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp bererin, sizi kowan ýerlerimiň baryndan, ähli milletleriň arasyndan yzyňyza ýygnaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men sizi nireden sürgün eden bolsam, şol ýere hem gaýtaryp getirerin.


Rebbiň sözüni diňläň, eý, milletler, ony uzakdaky kenarlarda yglan edip diýiň: „Ysraýyly dargadan Hudaý ony ýygnar, çopanyň öz sürüsini goraýşy ýaly gorar“.


Ine, Men olary demirgazyk ýurdundan getirerin, dünýäniň aňry uçlaryndan ýygnaryn; olaryň arasynda kör, agsak, göwreli we çaga dogurýan hem bolar; olar uly mähelle bolup bu ýere dolanar.


Güýç-gudratym hem gahar-gazabym bilen sizi halklaryň arasyndan çykararyn we dargadylan ýurtlaryňyzdan yzyňyza ýygnaryn.


Men sizi milletleriň arasyndan yzyňyza alaryn, ähli ýurtlardan ýygnap, öz ýurduňyza getirerin.


Men olary halklaryň arasyndan yzlaryna getirenimde we duşmanlarynyň ýurdundan ýygnanymda, olaryň üsti bilen köp milletleriň gözleriniň alnynda Öz mukaddesligimi görkezerin.


diňe şonda Hudaýyňyz Reb size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp berer we rehim-şepagat eder. Hudaýyňyz Reb sizi dargadyp goýberen başga halklarynyň içinden ýene-de yzyňyza ýygnar.


Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ