Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 107:2 - Mukaddes Kitap

2 Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmaz meniň ýüregim: men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Йүрегим сарсмаз, эй, Худай, сарсмаз мениң йүрегим: мен нагмалар айдып, мукам чаларын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 107:2
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar garaňkylykda we tümlükde ýaşady, zynjyrlara, jebir-jepa baglandy.


Saňa äşgär etdim men öz günämi hem-de gizlemedim etmişlerimi. Diýdim: «Reb ýanynda boýun aljak ýazyklarymy». Sen hem bagyşladyň günämiň ýazygyny. Sela


Seniň goluň gudratyndan, olaryň üstüne howp we gorky inýär. Öz azat eden halkyň geçip bolýança, olar daş kimin doňýarlar.


Arslan bolmaz ol ýerde, ýyrtyjy haýwan ol ýola çykmaz, olar onda tapylmaz, bu ýoldan diňe halas edilenler ýörärler.


Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.


Ýazyklaryňyzy bulut kimin, günäleriňizi duman kimin aýraryn. Maňa dolan, çünki Men sizi yzyňyza aldym».


Olara «Mukaddes halk, Rebbiň azat edenleri» diýler, saňa bolsa «Hudaýyň agtarany, terk edilmedik şäher» diýler.


Öç alyş güni ýüregimdedi, halas etjek ýylym gelipdi.


Seni erbetleriň elinden azat ederin, rehimsizleriň penjesinden halas ederin».


Çünki Reb Ýakuby halas eýledi, ony özünden güýçliniň elinden azat etdi.


Eý, Sion gyzy, dogurýan aýal ýaly agyryňy çekip, görgiňi gör. Çünki indi düzde ýaşarsyň sen, galadan çykyp, Babyla gidip, ol ýerde halas bolarsyň. Reb şol ýerde duşmandan halas eder seni.


«Ysraýylyň Hudaýy Rebbe öwgüler bolsun! Çünki Ol Öz halkyna nazaryn salyp, halas etdi.


Duşmanlarymyzyň elinden bizi halas etmäge, ömrümiz boýy huzurynda gorkusyz, mukaddeslik hem dogrulyk bilen gulluk etmäge mümkinçilik berdi.


Biz bolsa Ysraýyly halas etjek Şoldur diýip umyt edipdik. Onsoňam bu zatlaryň bolanyna üç gün boldy.


Mesih Kanunyň yglan eden näletini Öz üstüne alyp, bizi şol näletden halas etdi. Çünki Töwratda: «agaçdan asylan her kes näletlenendir» diýip ýazylgydyr.


Müsürde özüňiziň hem gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyza salyň. Şol sebäpli bu gün men size bu buýrugy berýändirin.


Munuň sebäbi Reb sizi söýdi we ata-babalaryňyza eden wadasynda durdy. Reb sizi Müsürden gudratly goly bilen çykaryp, onuň patyşasy faraonyň elinden – gulçulykdan azat etdi.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ