Deňziň ortasynda gury ýerden geçerleri ýaly, Sen olaryň öňünde deňzi ikä böldüň. Olaryň yzlaryndan kowalaýanlary bolsa çuňluga, daş bölegi ýaly möwç urýan suwlara taşladyň.
Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýarlar, teşnelikden ölýärler.