Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 106:8 - Mukaddes Kitap

8 Rebbiň sadyk söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Реббиң садык сөйгүси үчин, адамзада эдйән аҗайып ишлери үчин, гой, олар Оңа шүкүрлер этсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 106:8
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki dogry ynsan hiç haçan sarsmaz, müdimilik ol unudylmaz.


Meni azat et, kesekileriň elinden halas et meni. Olaryň agzy ýalan sözleýär, ýalan kasam üçin olar sag elini galdyrýar.


Rebbiň dagyna kim çykyp biler? Mukaddes öýünde kim durup biler?


Ýa Reb, Seniň sag goluň güýç-gudratda şöhratlydyr. Ýa Reb, Seniň sag goluň duşmany mynjyradýar.


Musa Rebbiň ysraýyllar üçin faraona we müsürlilere eden ähli işleri barada, olaryň ýolda duçar bolan kynçylyklary, Rebbiň olary azat edişi barada gaýynatasyna ýekän-ýekän gürrüň berdi.


Emma Men size Öz güýjümi görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen sizi diri saklap ýörün.


Öz adymyň hatyrasyna gaharymy ýatyrýaryn, gaharymy saklaýaryn Öz hormatymyň hatyrasyna, ýok ederdim sizi ýogsam.


Öz adyňyň hatyrasyna bizden ýüz öwürme. Öz şöhratly tagtyňy peseltme. Biziň bilen eden ähtiňi ýada sal, ony bozma.


Etmişlerimiz bize garşy şaýatlyk etse-de, Öz adyňyň hatyrasyna bir zat edäý, ýa Reb! Biziň dönükligimiz çökderdir juda, çünki biz Saňa garşy etdik günä.


Emma ysraýyllary Müsürden çykarandygymy gören milletleriň gözüniň alnynda adyma ysnat gelmesin diýip, Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim.


Muňa garamazdan, ysraýyllary Müsürden çykaranymy gören milletleriň nazarynda adyma ysnat gelmesin diýip, ýene elimi yza çekdim we Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim.


Eý, ysraýyl halky! Men siziň öz tutan ýollaryňyza we ýaramaz işleriňize görä däl-de, Öz adymyň hatyrasyna hereket edenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ýöne olaryň arasynda ýaşaýan milletleriň gözüniň alnynda adyma ysnat getirmezlik üçin, Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim. Men ol milletleriň gözüniň alnynda ysraýyl halkyny Müsürden çykarmak bilen, Özümi olara aýan etdim.


Hudaý Mukaddes Ýazgylarda Müsüriň faraonyna: «Men Öz güýjümi sende görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen seni patyşa etdim» diýip aýdypdy.


Ol muny ýer ýüzündäki ähli halklar Rebbiň beýik gudratyny bilsin diýip etdi. Şeýle-de Ol muny Hudaýyňyz Rebden hemişe gorkmagyňyz üçin etdi».


Eger kenganlar we beýleki halklar bu hakda eşitseler, olar biziň daşymyzy gabap alarlar hem-de biziň adymyzy ýer ýüzünden süpürip taşlarlar. Şonda Sen Öz beýik adyň üçin näme edip bilersiň?»


Şöhratly adynyň hatyrasyna Reb Öz halkyny terk etmez, çünki Ol sizi Öz halky etmekden hoşal boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ