7 Ol – Hudaýymyz Reb, Ol tutuş ýer ýüzüne kazylyk edýär.
7 Ол – Худайымыз Реб, Ол тутуш ер йүзүне казылык эдйәр.
Nuh hem-de onuň bilen gämide bolan haýwanlardyr mallaryň ählisini Hudaý ýatdan çykarmandy. Hudaý ýerde şemal öwüsdirdi; suw çekilmäge başlady.
Çünki Ol teşne jany gandyrýar, ajygany näz-nygmatdan doýurýar.
Agzymyň sözleri, ýüregimiň oý-pikirleri goý, Seniň huzuryňda kabul edilsin, ýa Reb, meniň Gaýam hem Halasgärim.
Ýüreklerinde Hudaýy synaga salyp, öz küýsän iýmitlerini talap etdiler.
Gökde bulutlary berkidip, düýpsüz suwlarda çeşmeleri goýanda,
Isa turup, ýele käýedi, Ol köle: «Sem bol! Bes et!» diýdi. Şonda ýel ýatdy we doly asudalyk boldy.