9 Suwlar gaýdyp ýer ýüzüni örtmesin diýip, olar geçmesin diýip, bir serhet goýduň.
9 Сувлар гайдып ер йүзүни өртмесин дийип, олар гечмесин дийип, бир серхет гойдуң.
Maňa gurlan tordan Sen meni çykar, çünki Sen meniň penamsyň.
Reb Ysraýyla höküm etdi, kowup, sürgün etdi; olary gazaply demi bilen kowup çykardy, gündogardan öwüsýän ýel dek.
Men hemişe aýyplap, elmydama gaharlanmaryn; ýogsam ýaradan ynsanymyň ruhy, jany tapdan düşer.
Git-de, bu sözleri demirgazyga jar edip, şeýle diý: „Eý, biwepa Ysraýyl, Maňa dolan! Muny Reb aýdýandyr. Men merhemetlidirin, indi Men saňa gazaply bakmaryn, gaharymy baky saklamaryn. Muny Reb aýdýandyr.
Sen ömürlik gaharlanjakmy? Öýke-kinäňi baky saklajakmy?“ diýip aýtdyň. Ine, sen şu zatlary aýtsaň-da, edip bilen ýamanlyklaryňy etdiň».
Eden günäleriniň hiç biri ýatlanylmaz; ol adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirendir, ol hökman diri galar.