Gulak asmakdan boýun towlap, olaryň arasynda Seniň görkezen gudratlaryňy ýatdan çykardylar. Olar boýnuýogynlyk edip, Müsürdäki gulçulyklaryna dolanyp barmak üçin özlerine ýolbaşçy bellediler. Emma Sen geçirimli, merhemetli, rehimdar, giň göwünli we sadyk söýgä baý Hudaý. Sen olary terk etmediň.
Sen müňlerçe ynsanlara sadyk söýgiňi görkezýärsiň, emma atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalaryna çekdirýärsiň. Eý, beýik we gudratly Hudaý! Seniň adyň Hökmürowan Rebdir.
Eşikleriňize derek ýürekleriňizi parçalaň, Hudaýyňyz Rebbe dolanyp geliň». Ol merhemetli hem rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý, Ol jeza bermekden el çekmäge taýýar.
Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn.
Sen: „Men-Reb – giň göwünli, sadyk söýgä baý. Etmişi we ýazygy bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirýärin“ diýipdiň.
Bilşiňiz ýaly, biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygy hakda eşidensiňiz, iň soňunda onuň üçin Rebbiň nämeler edendigini-de bilýänsiňiz. Hawa, Reb merhemetli we rehim-şepagatlydyr.