Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 103:3 - Mukaddes Kitap

3 Sen otaglaryňy suwlaryň üstünde gurýaň, bulutlary Özüňe söweş arabasy edinýäň, ýeliň ganatlaryna münüp aýlanýaň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Сен отагларыңы сувларың үстүнде гуряң, булутлары Өзүңе сөвеш арабасы эдинйәң, елиң ганатларына мүнүп айланяң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 103:3
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Natana: «Men Rebbiň öňünde günä gazandym» diýdi. Natan Dawuda: «Reb seniň günäňi geçdi; sen ölmersiň.


Çäkleriňde parahatlygy berkarar edýär, saýlama bugdaýdan seni doýurýar.


Ýa Reb, men Seni pena edinýärin, meni hiç haçan utanja goýma; dogrulygyň bilen halas et meni.


Çuňluk çuňluga gygyrýar, şaglawuklaryňyň owazy bilen. Seniň ähli tolkunlaryň, silleriň kimin muşakgatlar meniň başymdan geçdi.


Sion babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.


Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».


Müňlerçe nesillere sadyk söýgimi görkezerin. Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň çagalarynyň çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin».


Sion ilatynyň hijisi: «Men syrkaw» diýmez; ol ýerde ýaşaýan halkyň etmişleri ötüler.


Çeken ejirim-ezýetim öz haýryma boldy; meni söýendigiň üçin janymy heläkçilik çukuryndan sakladyň, ähli günälerimi arkaňa atdyň.


Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn.


Emma ol biziň ýazyklarymyz üçin ýaralandy, biziň etmişlerimiz üçin ezýet çekdi, rahatlygymyz üçin jeza onuň başyna geldi, onuň ýaralary arkaly biz şypa tapdyk.


Ýa Reb, maňa şypa ber, sagalaýyn. Meni halas et, halas bolaýyn, çünki öwgim diňe Sensiň.


Onsoň Musa Rebbe perýat edip: «Eý, Hudaýym, oňa şypa ber» diýip ýalbardy.


Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, seniň günäleriň ötüldi» diýdi.


Hudaý çuňňur baý merhemeti bilen Oglunyň döken gany arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azat etdi.


Iman bilen edilen doga-dileg näsaga şypa berer, Reb ony aýaga galdyrar. Eger ol günä gazanan bolsa, onuň günäsi geçiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ