Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm.
Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, ähli gögüň goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda duranyny gördüm.
Ezra şeýle diýdi «Reb Sen, diňe Sensiň. Gögi, arşy ähli ýyldyzlary bilen, Ýeri we ondaky barça zatlary, deňizleri we olardaky ähli janly-jandarlary ýaradan Sensiň. Hemmesine Sen jan berýäň. Gögüň goşunlary Saňa sežde edýärler.
Ol adam: «Hijisi hem däl. Men Rebbiň gökdäki goşunynyň serkerdesi, ýaňyja geldim» diýip jogap berdi. Ýeşuwa ýere ýüzin düşüp sežde etdi we oňa: «Agam, sadyk guluňa näme hyzmat?» diýip sorady.