2 Sen nury don kimin geýýäň, gökleri çadyr dek gerýäň.
2 Сен нуры дон кимин геййәң, гөклери чадыр дек герйәң.
Emma Hizkiýa özüne edilen ýagşylygy ödemedi, ol gopbamsylyk etdi. Şonuň üçin hem Hizkiýanyň, Ýahudanyň we Iýerusalimiň üstüne gazap indi.
Rebbiň sadyk söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin,
Olar mesgen tutar ýaly şähere baryp ýetýänçä, Ol olary göni ýoldan ýöretdi.
Edomdan, Bosradan gyrmyzy eşikli gelýän bu kim? Şöhratly lybas içinde beýik gudrat bilen ýöriş edýän bu kim? «Dabara bilen gepleýän, halas etmäge güýji ýetýän Mendirin!»
Rebbiň eden ähli işlerine görä Onuň ýagşylygyny, alkyşlaryny, rehimlerine görä, Ysraýyl nesline görkezen beýik merhemetini, uly ýagşylygyny agzaýyn.
Sen özüňi ýaradan Gaýany unutdyň, dünýä inderen Hudaýy ýatdan çykardyň.
Eý, akmak hem nadan halk, şumy Rebbe jogabyňyz? Sizi ýaradyp, berkarar eden, Ol – Atamyz dälmi?
gaty seresap boluň! Gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getireniň Rebdigini ýatdan çykarmaň.
«Ysraýyl ýolbaşçylary aýaga galanda, halk olara meýletin boýun bolanda, Rebbe alkyş aýdyň!
Eý, Ysraýyl serkerdeleri, ýüregim siz bilen, gahrymanlarça söweşjekler bilen. Rebbe şöhrat bolsun!