Beýiklik, güýç-gudrat, şöhrat, ýeňiş hem belentlik Seniňkidir, gökdäki hem ýerdäki zatlaryň hemmesi Seniňkidir; patyşalyk hem Seniňkidir, ýa Reb! Sen ählisinden belentsiň.
Baýlyklardyr sylag-hormat Senden gelýär, Sen ählisiniň üstünden höküm sürýärsiň. Güýç hem kuwwat Seniň eliňdedir. Ähli zady belent ýa-da kuwwatly etmek Seniň eliňdedir.
Ähli halklar, milletler we uruglar oňa gulluk etsinler diýip, oňa hökümdarlyk, şöhrat we patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy sowulmaz baky hökümdarlykdyr. Patyşalygy hiç wagt ýykylmajak patyşalykdyr».