Ýoşyýa patyşa öz ýerinde durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu kitapda ýazylan äht barada aýdylan sözleri berjaý etjekdigi hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi.
Şonuň üçin hem indi siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir.
Gaty seresap boluň. Hudaýyňyz Rebbiň siziň bilen eden ähtini ýatdan çykarmaň. Şeýle hem, Hudaýyňyz Rebbiň gadagan eden zatlarynyň hiç biriniň şekilinden but ýasanmaň.
Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bilip goýuň. Ol ynamdar Hudaýdyr. Ol Özüni söýenleriň we buýruklaryny ýerine ýetirenleriň müňlerçe nesline sadyk söýgüsini we ähtini saklaýar.
Eý, doganlar, biz Hudaýy razy etmek üçin nähili ýaşamalydygyny size öwretdik. Siz hakykatdan hem şeýle ýaşaýarsyňyz. Indi bolsa şeýle ýaşamakda has-da ilerlemegiňizi Reb Isanyň adyndan size ündeýäris.