16 Rebbiň agaçlary – Onuň oturdan Liwan kedrleri bol suwarylýar.
16 Реббиң агачлары – Онуң отурдан Ливан кедрлери бол суварыляр.
Hanok Hudaýyň huzurynda gezdi; soňra ol birdenkä gaýyp boldy, sebäbi Hudaý ony Öz ýanyna alypdy.
Emma ynsan ölüp, ýok bolýar, adamzat jan berip, ýitirim bolýar.
Bir gören göz gaýdyp görmez olary, mekany-da olary ikilenç görmez.
«Jar et!» diýýär bir ses. Men: «Nämäni jar etmeli?» diýdim. Ähli ynsanlar otluk kimindir, olaryň gözelligi meýdan güli kimindir.
Reb demini üflände, ot guraýar, gül solýar. Hakykatdan hem, halk otlukdyr.