4 Ömrüňi gabyrdan halas eýleýär, sadyk söýgi, merhemet jygasyny saňa geýdirýär.
4 Өмрүңи габырдан халас эйлейәр, садык сөйги, мерхемет җыгасыны саңа гейдирйәр.
Köşgüň ýaşululary gelip, ony ýerden galdyrmak islediler. Emma ol ne ýerinden turdy, ne-de olar bilen bile nahar iýdi.
Soňra Ezra Hudaýyň öýüniň öňünden gaýdyp, Elýaşybyň ogly Ýehohananyň öýüne bardy. Ol sürgünden gaýdyp gelenleriň biwepalygy üçin ýas tutup, gijäni çörek iýmän, suw içmän geçirdi.
«Durmuşymy ýigrenýärin, erkinlik bilen arz ederin, ajy hasratdan geplärin.
Hamym garalyp soýulýar, süýeklerim gyzdyrmadan ýanýar.
Şonda näsagyň işdäsi kesilip, ol lezzetli nahary-da ýigrenýär.
Çünki Gudratygüýçliniň oklary içimde, ruhum olaryň zäherini içýär, Hudaýyň howplary garşyma hatarlanan.
Çünki gökler ýerden nähili belentde bolsa, Rebbiň sadyk söýgüsi Ondan gorkýanlara şonça-da beýik.
Ol bizi hemişe ýazgaryp durmaz, Öz gaharyny baky saklamaz.
Ýa Reb, gaharyňda meni ýazgarma, gazabyňda meni terbiýeleme.
Eşiden we bilen zatlarymyzy, atalarymyzyň bize aýdanlaryny.
Reb demini üflände, ot guraýar, gül solýar. Hakykatdan hem, halk otlukdyr.
Sagdagyndaky oklary atyp, bagrymy deşdi.
Janym muny dyngysyz ýatlaýar, şonuň üçin ýüregim paralanýar.
Üç günläp onuň gözleri görmedi, şol wagtyň dowamynda ol hiç zat iýip-içmedi.