Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 102:2 - Mukaddes Kitap

2 Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym, Onuň eden ýagşylyklaryny asla unutma.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Реббе алкыш айт, эй, мениң җаным, Онуң эден ягшылыкларыны асла унутма.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 102:2
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne Hudaý ümsüm bolsa, kim Ony ýazgaryp biler? Ol ýüzüni gizlese, kim Ony görüp biler? Millet bolsun, adam bolsun, parhy ýok,


Näme üçin ýazyklarymy bagyşlap, etmişlerimi ötmeýäň? Çünki indi gabra girerin, meni agtararsyň, ýöne tapmarsyň».


Ol olaryň suwuny gana öwürdi. Olaryň balyklaryny gyryp taşlady.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Akmak adam ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýär. Olar azýar we ýigrenji işleri edýär; ýagşylyk edýän ýok.


Beýiklikden uzat eliňi, haýbatly suwlardan, kesekilerden azat et, halas et meni.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Rebbiň guly Dawudyň mezmury. Reb ony ähli duşmanlarynyň we Şawulyň elinden halas eden güni ol bu nagmanyň sözlerini Rebbe ýüzlenip aýtdy:


Öz halkyňy halas et, saýlan halkyňa pata ber, olara çopançylyk et, mydama olary eliňde göter!


Reb tarapyndan etmişi hasaba alynmaýan, ruhunda hile ýok adam nähili bagtly!


Sen meni aýypsyzlygymda berkidýäň; Öz huzuryňda ebedilik duruzýaň.


Ýa Reb, men Seni pena edinýärin, meni hiç haçan utanja goýma.


Goý, ol dogrulyk bilen halkyňa kazylyk etsin, garyplaryňa adalatly höküm çykarsyn.


Köp wagtyň geçmegi bilen Müsür patyşasy dünýäden ötdi. Ysraýyllar bolsa heniz hem gulçulykda ezilýändiklerinden nalap, kömek sorap perýat etdiler. Olaryň zulum astynda edýän ahy-nalasy Hudaýa baryp ýetdi.


Hudaý olaryň nalyşyny eşitdi we Ol Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähtini ýadyna saldy.


Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.


Olar çagyrmanka, Men jogap bererin, gepläp durkalar, Men eşiderin.


Men Ýakubyň nesillerinden ýüzüni gizleýän Rebbe intizar, Oňa umyt baglaryn.


Başyňyzdan inen synaglar başgalaryň-da başyndan inýändir. Emma Hudaý sadykdyr! Ol siziň güýjüňiziň çatmajak synagyny bermez. Siz synaga düşeniňizde, Hudaý çykalga-da açar, synagdan üstün gelmek üçin gujur-gaýrat-da berer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ