5 Ýüregim ýaraly, ot dek gurady, mende çörek iýmäge ysgyn galmady.
5 Йүрегим яралы, от дек гурады, менде чөрек иймәге ысгын галмады.
Muny bilmek meniň üçin juda ajaýyp, ol belent, men ony aňyp bilemok.
Ýurtdaky mukaddes halka – şu abraýly adamlara ymtylýar kalbym.
Siona Öz keremiň bilen Sen ýagşylyk et, we Iýerusalimiň diwarlaryny Sen dikelt.
Biriniň garşysyna ýalan şaýatlyk etme.
«Ýalan gep ýaýratma. Ýalana şaýatlyk edip, ýaramaz adama gol berme.
Ýigrenji ýaşyrýan kişi – ýalançy, gybat ýaýradýan bolsa akmakdyr.
Gybatkeş syry paş edýändir, agzyboş bilen gatnaşyk açma.
Ulumsy nazar, tekepbir ýürek, erbetleriň çyrasy günädir.
Demirgazyk ýeli ýagyş getirýändir, gybatkeş dil ýüzleri gaharly edýändir.
Adamlar bar, bakyşy şeýle tekepbir, gabaklary nähili ýokary.
Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.
Gan dökmek üçin araňyzda töhmetçiler bar. Öz araňyzdakylar daglaryň üstünde gurbanlyk iýdiler we haýasyzlyk etdiler.
Öz halkyňyň arasynda ýalan gep gezdirme, adalatsyz höküm zerarly ildeşiňe howp abanýan bolsa, şaýat onuň arkasynda dursun. Men Rebdirin.
Men size fariseýiň däl-de, salgytçynyň aklanyp gidendigini aýdýaryn, sebäbi kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler».
Men size dogansyrap, heniz-de azgyn ýa-da betnebis, butparaz ýa-da paýyş sögünýän, arakhor ýa-da kezzap bolanlar bilen gatnaşmaň diýip ýazýaryn. Şeýle adamlar bilen hatda bir saçak başynda-da oturmaň.
Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçy aýallary hem hormatlanýan, gybat etmeýän, tersine, özlerine erk edýän we her zatda ynamdar bolmalydyr.
Şonuň ýaly, garry aýallar hem gybata, şeraba ýykgyn etmän, tersine, Hudaýyň halkyna gelişýän tärde ýaşap, hemmelere ýagşy zatlary öwretmeklerini ünde.
Buýsançdan doly sözlerden el göter. Ulumsylyk bilen gep urma, çünki ähli iş Rebbe aýandyr. Hemmesine kazylyk edýän Şoldur.