Rebden bir zat diledim, islegim şudur: Rebbiň öýünde ömürboýy ýaşamak, Rebbiň gözelligini höwes bilen synlamak, Onuň ybadathanasynda doga-dilegler etmek.
Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.