Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 101:2 - Mukaddes Kitap

2 Ýa Reb, dogamy eşit, Saňa ýetsin meniň perýadym.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Я Реб, догамы эшит, Саңа етсин мениң перядым.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 101:2
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin».


Şeýdip, Dawut tutuş Ysraýyla patyşalyk edýärdi. Ol tutuş halkyny adyllyk hem hakykat bilen dolandyrýardy.


Süleýmanyň garrylyk çagynda aýallary onuň ýüregini keseki hudaýlara tarap öwürdiler. Süleýman kakasy Dawut ýaly Hudaýy Rebbe wepaly bolmady.


Eger-de sen kakaňyň ýöreýşi ýaly sap ýüreklilik, dogrulyk bilen Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyran ähli zatlarymy edip, Meniň hökümlerimdir düzgünlerimi berjaý etseň, „Seniň nesliňden Ysraýyla höküm sürjek adam kemlik etmez“ diýip, kakaň Dawuda wada berşim ýaly, Ysraýylyň üstünden patyşalygyňy berkarar ederin.


Emma Ysraýyldaky seždegähler ýok edilmändi. Muňa garamazdan, Asanyň ýüregi bütin ömründe wepaly boldy.


Rebbiň sözüne görä patyşanyň we baştutanlaryň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde, olara agzybirlik beren Hudaýyň eli Ýahudanyň üstündedi.


Iňňildimiň zaryndan ýaňa, meniň derim süňklerime ýapyşýar.


Ýa Reb, maňa ýoluňy öwret hem-de duşmanlarym sebäpli meni düz ýodadan alyp git.


Meniň üçin toprakdan gurbanlyk sypasyny ýasaň we onuň üstünde goýunlaryňyzy, öküzleriňizi başbitin ýakma gurbanlygy we salamatlyk gurbanlygy edip hödürläň. Adym tutulyp ýatlanylan her bir ýere gelip, Men size ak pata bererin.


«Saňa ýalbarýaryn, ýa Reb, meniň Saňa bütin kalbym bilen wepaly bolanymy hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla» diýdi. Hizkiýa sojap-sojap aglady.


Bulary çagalaryňa hem öwret, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňda-turanyňda-da şular hakda söz sözlegin.


Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».


Ahymelek Şawula şeýle jogap berdi: «Dawut seniň nökerleriňiň iň wepalysy ahyryn. Ol seniň giýewiň, baş janpenaň hem-de seniň köşgüňde iň hormatly adamdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ