Soň Dawut tutuş halka: «Hudaýyňyz Rebbe alkyş okaň» diýip ýüzlendi. Tutuş halk öz ata-babalarynyň Hudaýy Rebbe alkyş okadylar. Olar baş egip, Rebbe sežde, patyşa-da tagzym etdiler.
Gullaryň öz eýeleriniň eline bakyşy kimin, gyrnaklaryň öz bikeleriniň eline bakyşy kimin, Hudaýymyz Reb bize merhemet edýänçä, biziň gözlerimiz Oňa dikilgi.
Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.