Seniň şalygyňyň şanly şöwketini, gudratly işleriňi ynsanlara bildirmek üçin, olar Seniň şalygyňyň şöhratyny aýdarlar, Seniň gudratyňdan gürrüň bererler.
Galplygy, ýalan sözlüligi menden daş et, meni garyp hem, baý hem etme. Dok bolup: «Rebbim kim?» diýip, Seni inkär etmezim ýaly, garyplykda ogurlyk edip, Hudaýymyň adyna ysnat getirmezim ýaly, ýeterlik paýymy ber meniň.
Dogrulyga çagyrýan ýok, adalatly çözýän ýok dawany. Boş sözlere umyt baglaýar olar, ýalan sözleýärler, betbagtlykdan hamyla bolup, ýamanlyk dogurýarlar.
«Ýalan üçin dillerini ýaý kimin egreldýärler. Ýurtda olaryň güýji nädogrulyk bilen güýçlenýär, çünki pislik üstüne pislik edýärler, Meni asla tanamaýarlar». Muny Reb aýdýandyr.