Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 10:4 - Mukaddes Kitap

4 Reb Öz mukaddes ybadathanasyndadyr; Onuň tagty göklerdedir. Onuň gözleri synlaýar, nazary adamzady barlaýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Реб Өз мукаддес ыбадатханасындадыр; Онуң тагты гөклердедир. Онуң гөзлери сынлаяр, назары адамзады барлаяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 10:4
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny gördi.


Olar Hudaýa: „Bizi öz günümize goý! Gudratygüýçli, sen bize näme edip bilersiň?“ diýdiler.


Ýüregim ýaraly, ot dek gurady, mende çörek iýmäge ysgyn galmady.


Reb halkyň güýjüdir, seçip-saýlanynyň halas berkitmesi Oldur.


Erbet iş edýänlere janyňy ýakma, naýynsaplara höwesli bakma.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Maskil. Zipliler gelip, Şawula: «Dawut biziň aramyzda gizlenýär» diýenlerinde, Dawudyň aýdan mezmury.


Näme üçin goluňy yza çekýärsiň? Eliňi goltugyňdan çykaryp, ýok et olary!


Emma faraon: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýärin, ysraýyllaryň gitmegine ýol berjek däl» diýdi.


Ulumsy nazar, tekepbir ýürek, erbetleriň çyrasy günädir.


Adamlar bar, bakyşy şeýle tekepbir, gabaklary nähili ýokary.


tekepbir gözi, ýalançy dili, bigünä gan dökýän eli,


Ýaman işe garşy hökümiň tiz çykarylmaýandygy üçin, ynsanlaryň ýüregi ýamanlyk etmäge taýyndyr.


Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.


Ýüz keşpleri özleriniň garşysyna şaýatlyk edýär, günälerini Sodom ýaly äşgär edýärler, olary ýaşyrmaýarlar, olaryň dat gününe! Betbagtçylygy satyn aldylar olar.


Aýaklary pislige ýortýar, bigünä gan dökmäge howlugýar, pikirleri şerdir, harabalyk, weýrançylyk bar ýollarynda.


Men öz isleglerine eýerip, ýaman ýoldan ýöreýän pitneçi halka, günuzyn ellerimi uzadyp otyryn.


Eý, bu döwrüň nesilleri, Rebbiň sözüne gulak goýuň. Men Ysraýyl üçin bir çöllük, boldummy tüm garaňky ýurt? Neçün diýýär halkym: ‘Biz erkin, barmarys ýanyňa gaýdyp’?


Ýüregiňi tämizläp päkle pislikden, eý, Iýerusalim, halas bolarsyň şonda. Erbet niýetleriňi ýene näçe wagt saklajak içiňde?


Şonda Men Iýerusalimi çyra bilen agtaryp, düýbüne çöken şerap löderesi deýin çöküp, içlerinden: „Reb ne ýagşylyk, ne-de ýamanlyk eder“ diýip, tekepbirlik edýänleri jezalandyraryn.


Rebbiň emrlerini berjaý edýän ýurduň kiçigöwünlileri, Rebbi agtaryň, dogruçyllygy we pespälligi agtaryň. Belki, Rebbiň gazap gününde gizlenip saklanarsyňyz.


Çünki içden, adamyň ýüreginden erbet pikirler, azgynlyk, ogurlyk, ganhorlyk, zynahorlyk, açgözlük, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, göriplik, sögünç, tekepbirlik we akmaklyk çykýar.


Indi toba edip, bu ýaman niýetiňden el çek-de, Rebbe ýalbar, belki, ýüregiňdäki bu niýetiňi bagyşlar.


Olar Hudaý hakda bilseler-de, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrmadylar, Oňa şükür etmediler. Tersine, boş pikirlere ulaşyp, ýüreklerini tümlük gaplady.


Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.


Şol wagtlar siz Mesihden aýrydyňyz, Ysraýyl raýatlygyndan mahrumdyňyz, Hudaýyň wada berip, Öz halky bilen eden ähtleri size degişli däldi. Siz bu dünýäde Hudaýsyz we umytsyzdyňyz,


gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Rebbi unudyp, tekepbirlik etmäň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ