Söweşde ýitiren uly goşunyň ýaly, täzeden, şol bir mukdardaky atly we söweş arabaly ägirt uly goşun topla. Soňra olar bilen düzlükde uruş ederis, biz hökman olardan üstün çykarys». Patyşa olaryň sözüni diňläp, aýdyşlary ýaly hem etdi.
Siziň seždegähleriňizi ýykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyzy weýran ederin. Siziň maslyklaryňyzy ýykylan butlaryňyzyň maslyklarynyň üstüne üýşürerin. Men sizi ret ederin.
Olaryň kalby her tüýsli ýamanlykdan, adalatsyzlykdan, açgözlükden we azgynlykdan doludyr. Olar görip, ganhor, dawaçyl, ýalançy we betpäldir. Olar gepçi,
Olar Hudaýyň adalatly Kanunyna görä şeýle işleri edýänleriň ölüme mynasypdygyny bilseler-de, öz edýän işlerinde ilerleýärler. Munuň bilen çäklenmän, başgalaryň hem şeýle etmegini oňlaýarlar.
Bu edilen wadany eşiden her biriňiz öz-özüňizi öwmäň we ýüregiňizde: „Biz tekepbirlik ýolumyzdan gitsek hem aman galarys“ diýip pikir etmäň. (Şeýle pikir ýagşynyň-da, ýamanyň-da başyna bela getirer.)
Şonuň üçin hem dünýewi tebigatyňyza mahsus bolan azgynlygy, ahlaksyzlygy, haram keýpi, pis höwesleri we butparazlyk bilen deň hasaplanýan açgözlügi öldüriň.
Ol öz ejesine: «Sen bir müň bir ýüz sany kümüş teňňäni ogurlatdyň, ony alana meniň ýanymda gargyş etdiň, seniň şol kümüşleriň mende, olary men aldym. Emma men olary häzir saňa gaýtaryp berýän» diýdi. Ejesi: «Reb seni ýalkasyn, oglum!» diýdi.