Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 1:3 - Mukaddes Kitap

3 Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde getirýän, ýapragy solmaýan agaç kimindir; ähli edýän işi oňuna bolýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Ол акар сувлар якасында экилен, мивесини мөвсүминде гетирйән, япрагы солмаян агач киминдир; әхли эдйән иши оңуна боляр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 1:3
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Zyndanyň başlygy Ýusubyň garamagyndaky zatlaryň hiç biri bilen gyzyklanmaýardy, çünki Reb Ýusup bilen bolup, her bir işinde oňa üstünlik berýärdi.


Müsürli jenap Ýusubyň ähli işlerine Rebbiň kömek edýändigine we Onuň Ýusuba ähli işinde üstünlik berýändigine göz ýetirdi.


Reb onuň bilendi. Hizkiýa nirä gitse-de, onuň işi oňuna boldy. Ol Aşur patyşasyna garşy gozgalaň turuzdy we oňa gulluk etmekden boýun gaçyrdy.


Indi, oglum, goý, Reb saňa ýar bolsun. Reb sen barada aýdyşy ýaly, Hudaýyň Rebbe öý gurmaklyk işiň şowuna bolsun.


Eger Rebbiň Musanyň üsti bilen Ysraýyla tabşyran parzlarydyr hökümlerini berjaý etseň, işiň rowaç bolar. Dözümli hem mert bol; gorkma, ruhdan düşme.


Hudaýyň öýüne hyzmat etmekde eden her işinde, kanuny we tabşyryklary saklamakda, Hizkiýa öz Hudaýyny bütin kalby bilen agtardy. Şonuň üçin-de, onuň edenleri rowaçlandy.


Iýerusalime köp adamlar gelip, Rebbe sadakalar, Ýahuda patyşasy Hizkiýa gymmatbaha sowgatlar getirdiler. Şondan soň, Hizkiýa ähli milletleriň nazarynda beýgeldi.


suw ysyny alan badyna ösüntgi çykaryp, ýaş agaç kimin şahalaýar.


Ol diýen zadyňy ýerine ýetirer, ýollaryňa nur çaýylar.


Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler. Ýöne menden üstün çykmadylar.


Ysraýyly ähli günälerinden Ol halas eder.


Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».


Dogrulara aýdyň, ýagşylyk görerler olar, öz işleriniň miwesini iýerler.


Olar gök ýaýladaky otlar kimin, akar suwlar ýakasyndaky söwütler kimin boý alarlar.


Reb hemişe size ýol görkezer, gurak ýerlerde sizi kanagatlandyrar, süýegiňize kuwwat berer. Siz suwarylan bag kimin, suwy egsilmeýän çeşme kimin bolarsyňyz.


Ol suwuň ýakasynda oturdylan agaç kimindir, çeşmäniň boýunda köküni ýaýradar. Yssydan gorkýan däldir, ýapragy hemişe ýaşyldyr. Ýyl gurak gelende hem gaýga batmaz, miwe bermekden asla galmaz».


Ol şahalap, miwe berip, oňat üzüm agajy bolar ýaly, bol suwlar ýakasyndaky hasylly meýdanda ekilipdi“».


Eneň bagdaky üzüm agajy kimin suwlaryň boýunda ekilipdi, ol bol suwlardan ýaňa hasylly we gür şahalydy.


Munuň üçin onuň boýy beýleki agaçlaryň baryndan uzyndy, baldaklary güreldi; suwuň bollugyndan şahalary uzady.


Derýanyň boýunda, onuň ýakasynyň ikiýan tarapynda her hili miweli agaçlar gögerer. Suwlaryň mukaddes öýden çykýandygy sebäpli olaryň ýapraklary solmaz, miweleri tükenmez; her aý täze miwe bererler. Olaryň miweleri iýmit, ýapraklary derman bolar».


Giň jülgeler kimin uzalýar. Derýa kenaryndaky baglar deý uzalyp, Rebbiň eken hoşboý ysly agaçlary deý, edil suw boýunda biten kedrler deý görünýär.


Ýöne gün gyzanda, kökleriniň ýokdugy zerarly solup, guraýarlar.


Ýoluň gyrasynda bir injir agajyny görüp, onuň ýanyna geldi, emma onda ýaprakdan başga hiç zat tapmady. Isa agaja: «Mundan beýläk sende asla miwe bitmesin!» diýdi. Injir agajy şol pursadyň özünde gurady.


Hasyl möwsümi gelende, üzümiň miwesinden alyp gelmek üçin, ol hyzmatkärlerini kärendeçileriň ýanyna iberýär.


Olar Isa: «Bu pis adamlary aýylganç ölüme sezewar eder we üzümçiligini bolsa miwesini wagtynda özüne berjek başga kärendeçilere berer» diýdiler.


Kim Mende ýaşamasa, kesilen şaha kimin taşlanyp, gurar. Guran şahalary bolsa ýygnap, oda ýakarlar.


Reb siziň ammarlaryňyza, başlan her bir işiňize bereket inmegi üçin buýruk berer. Hudaýyňyz Reb özüňize berýän ýurdunda sizi ýalkar.


Bu adamlar siziň üçin gorkunçdyr, olar öz garynlaryny doýurmak üçin siziň bilen bir saçakda iýip-içýärler. Şemal bilen kowlan ýagmyrsyz bulutlar kimin, möwsüminde miwe bermeýän daragtlar kimindirler. Olar düýbünden goparylyp taşlanandyrlar, bütinleý ölüdirler.


Şäheriň şaýolunyň ortasynda, derýanyň her kenarynda ýaşaýyş daragty ösüp otyrdy. Bu daragtlar her aýda miwe berip, ýylda on iki gezek hasyl getirýärdi. Daragtlaryň ýapraklary milletlere şypa berýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ