Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 1:1 - Mukaddes Kitap

1-2 Rebbiň kanunyndan lezzet alýan, gije-gündiz şol barada oýlanýan bagtlydyr! Ol erbetleriň maslahatyna gitmeýär, günäkärleriň ýolundan ýöremeýär, ýaňsylaýjylaryň arasynda oturmaýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1-2 Реббиң канунындан леззет алян, гиҗе-гүндиз шол барада ойланян багтлыдыр! Ол эрбетлериң маслахатына гитмейәр, гүнәкәрлериң ёлундан йөремейәр, яңсылайҗыларың арасында отурмаяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 1:1
52 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

gatnaşmaýyn men olaryň geňeşine asla, goşulmaýyn men olaryň toparyna, çünki gaharlaryna adamlary gyrdylar olar, keýpihonlykda öküzleri maýyp-müjrüp etdiler olar.


Hanok Hudaýyň huzurynda gezdi; soňra ol birdenkä gaýyp boldy, sebäbi Hudaý ony Öz ýanyna alypdy.


Ahaba Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli ýollaryndan ýöremekligiň özem ýeterlikdi, ýöne ol onuň üstesine sidonlylaryň patyşasy Etbagalyň gyzy Izebele öýlenip, Bagala sežde etdi.


Ahazýa hem Ahabyň maşgalasynyň pis ýolundan ýöredi. Ahazýanyň ejesi pis iş etmekde geňeşçisidi.


Meni ezmek, Öz eliň işini ret etmek, pisleriň dildüwşügini goldamak Saňa gowumy?


Rowaçlygy öz ellerinde dälmi näme? Pisleriň nesihaty menden uzakda bolsun!


Men ýalan sözläp, hilegärlige ýüz uran bolsam,


Çünki Reb dogrularyň ýoluny gözden salmaýar, erbetleriň ýoly bolsa heläkçilige uçradýar.


olary ýat ýurtlardan ýygnap jemledi: gündogardan hem günbatardan demirgazykdan hem günortadan.


Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, şöhratlandyryň, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!


Hemmäniň gözleri Saňa umyt bilen garaýar, Sen öz wagtynda olaryň ryskyny berýärsiň.


Rebbimiz beýikdir, kuwwaty köpdür, paýhasynyň hiç çägi ýokdur.


Ol haýwanlara, jüýgüldeşýän garga çagalaryna olaryň ryskyny berýär.


Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.


Duşmanlarymyň eline meni tabşyrma, çünki ýalan şaýatlar çykdy garşyma, olar zalymlygyny pürkýärler maňa.


Goý, heläkçilik duýdansyz olaň başyna insin, gizlin guran duzaklaryna özleri düşsün, heläkçilige uçranda, goý, şoňa düşsün.


Rebden teselli tap, ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder.


Eý, Hudaý, Sen mynasypsyň Siondaky alkyşa, Saňa berlen kasamlar berjaý ediler.


Wepadarlyk ýerden gögerer, dogrulyk-da asmandan garar.


eý, oglum, olar bilen bir ýoldan ýöreme, olaryň ýol-ýodasyna gadam urma.


«Eý, nadanlar, haçana çenli nadanlygy söýjeksiňiz? Masgaralaýjylar haçana çenli öz masgaralamagyndan keýp aljakkalar? Akmaklar haçana çenli bilimi ýigrenjekkäler?


Sagdyn pikir merhemet gazanýar, haýynyň ýoly muşakgata barýar.


Akyldarlar bilen ýöreýän akylly bolar, akmak bilen gatnaşýan zyýana galar.


Masgaralaýjy üçin jeza, akmagyň ýagyrnysyna urgy taýýardyr.


Danalyk seni ýaman ýoldan, erbet gepleýänlerden halas eder.


Reb ýaňsylaýjylary ýaňsylaýandyr, pespäl adamlara rehim edýändir.


Erbetleriň ýoly tüm-garaňkylyk ýalydyr, olar nämä büdrändigini bilmeýärler.


Akylly bolsaň, özüňe peýda. Masgaralasaň-da, ony özüň çekersiň.


Keýp çekýänleriň meýlisinde oturmadym, şatlanmadym men. Seniň eliň üstümde bolup, meni gazapdan dolduranyň üçin ýalňyz özüm oturdym,


Rebbe bil baglan, Rebbe daýanan adam nähili bagtly!


Çölde olaryň perzentlerine şeýle diýdim: „Ata-babalaryňyzyň parzlaryna eýermäň, hökümlerini berjaý etmäň, özüňizi olaryň butlary bilen haram etmäň.


Isa Oňa şeýle diýdi: «Eý, Ýunusyň ogly Simun, sen nähili bagtly! Bu syry saňa aýan eden ynsan däl-de, gökdäki Atamdyr.


Isa bolsa: «Hawa, Hudaýyň sözüni eşidip, ony berjaý edýänler has hem bagtlydyr!» diýip jogap berdi.


Özi-de mejlisiň kararyna we işine razylyk bermändi. Ýusup Ýahudyýanyň Arimatiýa şäherinden bolup, Hudaýyň Şalygyna garaşýardy.


Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.


Isa oňa: «Sen Meni göreniň üçin iman etdiň. Görmän iman edenler nähili bagtly!» diýdi.


Isa Mesih bize Hudaýyň merhemetiniň gapysyny açyp berdi. Biz iman arkaly bu merhemete ulaşyp, berk durus we Hudaýyň şöhratyna şärik boljakdygymyza umyt baglap begenýäris.


Şonuň üçin ýaman döwürde gaýtawul berip bilmegiňiz üçin, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň. Şonda ornuňyzda berk durmagy başararsyňyz.


Toýnagy ýarykly we gäwüş gaýtarýan her bir haýwanyň etini iýip bilersiňiz.


Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl! Seniň ýaly barmy başga? Sen Rebbiň halas eden halkysyň! Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr! Duşmanlaryň saňa ýaranjaňlyk ederler, sen olaryň arkasyndan basarsyň».


Geçmişde butparazlyga uýup ýaşanyňyz ýeterlikdir. Şol döwürleri siz ahlaksyzlykda, haram keýp çekmekde, serhoşlykda, içgili keýpi-sapada we ýigrenji butparazlykda geçirdiňiz.


Öz lybaslaryny ýuwýanlar bagtlydyr! Olaryň ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge, şäher derwezesinden girmäge haklary bardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ