Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 9:9 - Mukaddes Kitap

9 Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Шатлан, эй, Сион гыз, шатлан! Эй, Иерусалим гызы, белент оваз билен гыгыр! Ине, Патышаң саңа тарап гелйәр. Адыл хем еңиҗидир Ол! Ол бир эшеге, эшегиң-де тайхарына мүнүп, пес гөвүнлилик билен саңа гелйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 9:9
43 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Sadok ruhany, Natan pygamber, Ýehoýadanyň ogly Benaýa, keretler hem peletler gidip, Süleýmany Dawut patyşanyň gatyryna mündürdiler-de, ony Gihona tarap äkitdiler.


Ysraýyl Ýaradanyna şatlansyn! Sion perzentleri Şasyna, goý, begensin!


«Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan».


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna, soprana derejesinde. Koranyň nesilleriniň nagmasy.


Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»


Negep haýwanlary barada pygamberlik: urkaçy hem erkek arslanyň, alahöwreniň hem uçýan ýylanyň ýaşaýan, alada hem hasrat ýurdunyň üstünden geçip, baýlyklaryny eşekleriniň arkasyna, hazynalaryny düýeleriniň örküjine atyp, peýdasyz halka äkidip berýärler.


Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder.


Eý, Sion, hoş habar, beýik daga çyk! Eý, Iýerusalim, hoş habar, sesiňi batly gatalt! Sesiňi batlandyr, gorkma; Ýahuda şäherlerine: «Ine, Hudaýyňyz!» diýiň.


Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur.


Men seniň Hudaýyň Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, seniň Halasgäriň. Men saňa töleg hökmünde Müsüri, seniň ýeriňe Efiopiýany, Sebany berdim.


Bildiriň, dawaňyzy aýdyň, goý, hemmesi üýşüp maslahatlaşsynlar! Muny owaldan aýdan kim? Geçmişde aýan eden kim? Men – Reb dälmidir? Menden başga hudaý ýokdur, Men adyl Hudaý we Halasgärdirin, Menden başga hiç kim ýokdur.


Dagdan aşyp, parahatlygy yglan edýän habarçynyň gelşi ne gözeldir! Ol: «Reb Halasgärdir» diýip jar edip, Siona: «Hudaýyň höküm sürýär» diýip, hoş habar getirýär.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Reb ýeriň aňry ujuna yglan etdi: «Sion gyzyna şeýle diý: „Ine, Halasgäriň gelýär; Onuň sylagy ýanyndadyr“».


Sen oda odun bolarsyň. Ganyň tutuş ýurtda akar, indi sen hiç haçan ýatlanmarsyň; çünki muny Men-Reb aýtdym“».


Ýahuda öýüne welin rehim ederin. Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de, özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».


Eý, süriniň gözegçi diňi bolan Sion gyzynyň galasy! Gaýtarylyp berler hökümdarlygyň, Iýerusalim gyzynyň patyşalygy dikeldiler.


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


«Aýdym aýt, şatlan, eý, Sion gyz! Men gelip, siziň araňyzda mekan tutjak. Muny Reb aýdýandyr.


Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, sebäbi Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi.


Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň. Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janyňyz rahatlyk tapar.


«Ýahudylaryň patyşasy bolup doglan nirede? Biz Onuň dogluş ýyldyzyny gördük we Oňa sežde etmäge geldik» diýdiler.


Taýhary Isanyň ýanyna getirip, donlaryny onuň üstüne atdylar, Isa-da taýhara mündi.


Onsoň Ol Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi.


Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi.


Olar: «Güm et Ony! Ýok et! Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat olardan: «Patyşaňyzy haça çüýläýinmi?» diýip sorady. Ýolbaşçy ruhanylar: «Biziň imperatordan başga patyşamyz ýokdur» diýip jogap berdiler.


Onuň otuz ogly bardy; olaryň hersi bir eşek münüp, Gilgadyň otuz galasyna öz hökümlerini ýöredýärdiler. Henize çenli şol galalar Hawotýaýyr diýlip atlandyrylýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ