Ol ýerden Sur galasyna we hiwileriň hem-de kenganlaryň ähli galalaryna aýlandylar. Iň soňunda olar Ýahudanyň Negep çölündäki Beýerşeba galasyna gitdiler.
Süleýmanyň gap-gaçlarynyň barysy altyndandy. Onuň «Liwan jeňňeli» atly köşgüniň ähli gap-gaçlary-da sap altyndandy. Kümüşden hiç zat ýokdy, sebäbi kümüş Süleýmanyň döwründe hiç zatça görülmeýärdi.
Ýykylan günüň seniň baýlygyň, harytlaryň, mallaryň, deňizçileriň, gämiçileriň, jaýryklaryňy suwaýanlar, harytlaryňy alyş-çalyş edýänler, sendäki ähli urşujylar we içiňdäki ähli jemagat deňizler ummanyna gark bolarlar.
Reb şeýle diýýär: «Men surlulary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar doganlyk ähtini unudyp, tutuş jemagaty Edoma gul edip satdylar.
Şundan soň serhet Rama öwrülip, berk Sur galasyna gelýär we ýene-de yzyna Hosa tarap aýlanyp, Ortaýer deňzinde gutarýar. Olaryň ýerlerine Mahalap, Akzyp, Umma, Apek, Rehop ülkeleri hem degişlidir. Olar obalary bilen bile jemi ýigrimi iki galadyr.