Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 9:2 - Mukaddes Kitap

2 Bu söz Hadrak bilen araçäkdeş bolan Hamat ýurduna, juda parasatly Sur bilen Sidon şäherlerine hem degişlidir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Бу сөз Хадрак билен арачәкдеш болан Хамат юрдуна, җуда парасатлы Сур билен Сидон шәхерлерине хем дегишлидир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 9:2
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Tur, Sidonyň Sarepat galasyna bar-da, şol ýerde mesgen tut, çünki ol ýerde Men bir dul hatyna seni iýmitlendirmegi tabşyrandyryn».


Faraon Neko Iýerusalimde patyşalyk etmesin diýip, Hamat ýurdunyň Ribla diýen ýerinde, Ýehogahazy ýesir aldy. Ol ýurduň başyna bir ýüz ýetmiş batman kümüş, bir ýarym batmana golaý hem altyn salgyt saldy.


Babyl patyşasy Hamat ýurdunyň Ribla galasynda olaryň baryny öldürdi. Şeýdip, ýahuda halky öz ýurdundan ýesir edilip äkidildi.


ähli Sur hem Sidon patyşalary bilen deňziň aňyrsyndaky halklaryň patyşalaryna;


Çünki ähli piliştlileriň ýok ediljek güni geler. Sura bilen Sidona kömek edip biljek aman galanlaryň ählisi ýok ediler. Reb Kaptoryň kenarynda aman galan piliştlileri derbi-dagyn eder.


Damask hakynda pygamberlik: «Hamat we Arpat utandy, erbet habary eşidip, gorkudan titreşdi, tolkun atýan deňiz kimin ikiýana alakjap yrandylar.


«Eý, ynsan ogly! Sur patyşasy üçin agy aýt, oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Kämilligiň möhüri, danalygyň, gözelligiň aňrybaşy sendiň.


Ol Berota we Damask bilen Hamadyň araçäginde ýerleşýän Sibraýyma, şeýle-de Hawranyň araçägindäki Haserhattikona çenli uzalýar.


Reb şeýle diýýär: «Men damasklylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki demir dişli döweklerde gilgat halkyny ýençdiler olar.


Şonuň üçin, eý, ysraýyl halky, saňa garşy bir milleti aýaga galdyrjak. Olar Lebohamatdan Araba düzlügine çenli seni ezerler». Muny Reb Hökmürowan Hudaý aýdýandyr.


Sürgün edilen ysraýyl söweşijileri Kenganyň Sarepata çenli ýerlerine eýe bolarlar. Iýerusalimden Separada sürgün edilenler Negepdäki galalary eýelärler.


Mes topraklymy ýa arryk, agaçlymy, agaçsyz? Batyrgaý hereket ediň we ol ýurduň miwelerinden getiriň». Ol wagtlar üzümleriň ýetişýän möwsümidi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ