Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 9:15 - Mukaddes Kitap

15 Hökmürowan Reb halkyny gorap saklar. Halk öz duşmanlaryny ýok edip, sapan bilen uruşýanlary depeläp ýenjerler. Toýda şerap içen ýaly içip gygyryşarlar. Olar gurbanlyk legeni ýaly gandan doly bolup, gurbanlyk sypasynyň burçlary kimin gandan dolarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Хөкмүрован Реб халкыны горап саклар. Халк өз душманларыны ёк эдип, сапан билен урушянлары депеләп енҗерлер. Тойда шерап ичен ялы ичип гыгырышарлар. Олар гурбанлык легени ялы гандан долы болуп, гурбанлык сыпасының бурчлары кимин гандан доларлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 9:15
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gurbanlyk sypasynyň dört burçy-da ýokary çykyp dursun. Şu burçlar gurbanlyk sypasy bilen bir bitewi bolsun. Ony bürünç bilen gapla.


Eý, Iýerusalim gyzlary, garaýagyz-da bolsam, görmegeýdirin, gara men Kedaryň çadyrlary deý, owadan men Süleýmanyň perdeleri deý.


Eý, ezizim, gelinligim, men bagyma gelýärin; mürüm bilen atyrymy ýygnaýan, bal öýjügimi, balymy iýýän, şerabymy, süýdümi içýän. Iýiň, eý, söýgüli ýarlar! Eý, yşkyň ýesirleri, iýip-içiň, yşkdan mes boluň!


Serwi agajyna çykyp, şahalaryndan ýapyşaýyn diýdim. Göwüsleriň üzüm salkymlary deý, demiň almalar deý hoşboý,


Men bu şäheri Özümiň hem-de gulum Dawudyň hatyrasy üçin gorap, ony halas ederin».


Eý, teşneler, suwa geliň! Eý, pulsuzlar, geliň, galla satyn alyň, iýiň! Geliň, şeraby, süýdi pulsuz alyň!


Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrda Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Galan gany bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Ruhany bolsa günä gurbanlygy üçin damagy çalnan janlynyň ganyna barmagyny batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdaky – Rebbiň huzuryndaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Öküzçäniň galan ganyny bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Ýakubyň neslinden aman galanlary milletleriň, köp halklaryň arasynda jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan, goýun sürüsine aralaşan şir çagasy dek bolarlar, arslan deý hüjüme geçende, basgylap, tüýdüm-tüýdüm eder, hiç kim olary onuň penjesinden halas etmez.


Söweş esgerleri deý bolar olar, depelärler duşmany köçeleriň palçygynda. Rebbiň özleri bilendigi üçin söweşip, olar atly goşuny uýada goýarlar.


Efraýym halky batyrlar kimin bolar, şerap içen deý olaryň köňli hoş bolar. Muny ogullary görüp guwanarlar; olaryň göwünleri Rebde galkynar.


Şol gün Men ýahuda baştutanlaryny oduň ortasynda ýanýan bir maňňal ýaly, bugdaý dessesiniň içinde alawlap ýanýan çyra ýaly ederin. Olar sag-solundaky halklaryň ählisini ýakyp-ýandyrarlar. Iýerusalim ýene-de özüniň öňki ýerinde oturar».


Reb şol gün Iýerusalimiň halkyny gorar. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly bolar. Dawudyň nesli Hudaý ýaly, öňe çykan Rebbiň perişdesi ýaly bolar.


Şol gün hatda atlaryň jaňjagazlaryna-da «Rebbe bagyş edilen» diýip ýazylar; Rebbiň ybadathanasyndaky gazanlar hem gurbanlyk sypasynyň öňündäki jamlar ýaly bolar.


Onsoň Reb çykyp, söweş günündäki ýaly edip, şol halklaryň garşysyna urşar.


Indi Men olaryň garşysyna el göterjek; olary öz gullary talaňa salar». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


Nähili ajaýyp hem gözel bolarlar! Bol bugdaý hem täze şerapdan gyz-ýigitler gül açarlar.


Heläkçilik ýolundan barýan adamlar üçin haç baradaky habar akmaklykdyr. Emma biz, ýagny gutulyş ýolundan barýanlar üçin bu habar Hudaýyň gudratydyr.


Şerapdan serhoş bolmaň, bu sizi wejeralyga elter. Tersine, Mukaddes Ruhdan dolup-daşyň.


Soňra Dawut piliştlä: «Sen meniň üstüme gylyçly, naýzaly we gamaly gelýärsiň, emma men seniň üstüňe seniň gyjalat beren Ysraýyl goşunynyň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň adyndan gelýärin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ