Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 9:12 - Mukaddes Kitap

12 Eý, umytly ýesirler, öz galaňyza dolanyň! Bu gün size iki esse bereket berjekdigimi jar edýän.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Эй, умытлы есирлер, өз галаңыза доланың! Бу гүн сизе ики эссе берекет берҗекдигими җар эдйән.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 9:12
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eýýup dostlary üçin dileg edenden soň, Reb oňa bar zatlaryny yzyna gaýtaryp berdi. Reb oňa öňküsinden iki esse köp zat berdi.


Ýerzemine tussag kimin toplanarlar, zyndana gabalarlar, birnäçe günden soň jezalandyrylarlar.


Ölüler dünýäsi Saňa şükürler aýtmaz, ölüm Saňa öwgüler aýtmaz, Seniň wepalylygyňa umyt baglap bilmezler gabra inýänler.


Iýerusalime mylaýym sözleri aýdyň: söweş möhletiniň gutarandygyny, ýazyklarynyň geçilendigini, günäleriniň jezasyny Rebbiň elinden iki esse edip alandyklaryny yglan ediň.


Ýesirlere: „Çykyň“, garaňkydakylara: „Görnüň“ diýersiň. Olar ýol boýlarynda otlarlar, takyr depelerde öri taparlar.


Üstüňdäki tozany kak-da, gal, eý, Iýerusalim, tagtda otur. Boýnuňdaky zynjyry üz, eý, Sion, ýesir gyz!


Utanç deregine iki esse paý alarsyňyz, ryswalyk deregine mirasyňyzda şatlanarsyňyz; munuň üçin siz iki esse mülkli bolarsyňyz, ebedi şatlyk siziňki bolar.


Eý, Ysraýylyň Umydy, hasratly wagtyndaky Halasgäri! Neçün bolýaň bu ýurtda gelmişek ýaly, gijäni geçirmek üçin düşlän ötegçi ýaly?


Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler.


Ýa Reb! Eý, Ysraýylyň Umydy! Seni terk edenleriň bary utanja galar. «Menden ýüz öwrenler toz-topraga siňip giderler, çünki olar Men Rebbi – diri suwlar çeşmesini, terk etdiler».


Seniň geljegiň üçin umyt bardyr, çagalaň öz dogduk mekanyna dolanar. Muny Reb aýdýandyr.


Gözegçileriň Efraýym daglarynda: „Turuň, Hudaýymyz Rebbiň ýanyna, Siona çykalyň“ – diýip gygyrjak günleri geler».


Babyldan gaçyp gutulanlar Hudaýymyz Rebbiň öjüni, Onuň ybadathanasynyň öjüni Sionda yglan edýärler, Olaryň seslerini eşidiň!


Reb bizi aklady, geliň, Hudaýymyz Rebbiň işini Sionda yglan edeliň.


Onsoň Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Bu süňkler bütin ysraýyl halkydyr. Olar: „Süňklerimiz gurady, umydymyz üzüldi; biz bütinleý ýok edildik“ diýýärler».


Ol ýerde Men oňa üzüm bagyny bererin. Akor deresini Umyt geçelgesine öwrerin. Şonda ýaşlyk günlerinde bolşy ýaly, Müsür topragyndan çykanda bolşy kimin, aýdymlar aýdar.


Reb gümmürdeýär Siondan hem seslenýär Iýerusalimden. Asman bilen ýer lerzana gelýär. Emma Reb Öz halkyna penadyr, hem ysraýyl halky üçin galadyr.


Eý, süriniň gözegçi diňi bolan Sion gyzynyň galasy! Gaýtarylyp berler hökümdarlygyň, Iýerusalim gyzynyň patyşalygy dikeldiler.


Reb ýagşydyr, betbagtlyk gününde halkyna penadyr; Ol Öz penasyndakylary goraýandyr.


Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.


Bu umyt janymyzy berk hem howpsuz saklaýandyr, ol göklerdäki çadyryň tutusynyň aňyrsyna geçýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ