Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 9:11 - Mukaddes Kitap

11 Sizi bolsa gurbanlyk gany bilen baglaşan ähtim üçin, tussagdakylaryňyzy gurruk guýudan çykararyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Сизи болса гурбанлык ганы билен баглашан әхтим үчин, туссагдакыларыңызы гуррук гуюдан чыкарарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 9:11
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Beýle masgaraçylykdan soň men nirä giderin?! Senem Ysraýylyň binamyslarynyň biri bolup galarsyň. Gowusy, git-de, patyşa bilen gepleş. Ol meni senden gaýgyrmaz».


Eger-de sen kakaňyň ýöreýşi ýaly Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyran ähli zatlarymy edip, hökümlerimdir düzgünlerimi berjaý etseň, „Seniň nesliňden Ysraýyla höküm sürjek adam kemlik etmez“ diýip, kakaň Dawuda wada berşim ýaly, patyşalygyňy berkarar ederin.


Maňa gulak goý, tiz ýetiş meniň dadyma; bol Sen meni penalaýan bir gaýa, halas bolmagym üçin bir mäkäm gala.


Ejizlere rehimli garaýan nähili bagtly! Ýaman günde Reb ony halas eder.


Musa gany alyp, halkyň üstüne sepeledi we olara: «Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi.


Ýerzemine tussag kimin toplanarlar, zyndana gabalarlar, birnäçe günden soň jezalandyrylarlar.


Emma bu dagan, talanan halkdyr. Ählisi gowaklarda duzaga düşen, Tussaghanalarda gizlenen; olar olja boldular, halas edýän ýok. Talandylar, «Yzyna gaýtar!» diýýän ýok.


Kör gözleri açmak, tussaglary tussaglykdan, zulmatda oturanlary zyndandan azat etmek üçin seni halka äht, milletlere nur ederin.


Ýesirlere: „Çykyň“, garaňkydakylara: „Görnüň“ diýersiň. Olar ýol boýlarynda otlarlar, takyr depelerde öri taparlar.


Ýesirler basym azat ediler, ölmez, gabra inmez olar, çörekleri kemlik etmez.


Köne harabalaryňyz täzeden dikeldiler, köp asyrlardan galan harabalaryň düýbüni gaýtadan tutarsyňyz; olar size: «Jaýryklary bejerýän, ýaşamak üçin köçeleri düzedýän» diýerler.


Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.


Onsoň Ýermeýany tutup, patyşanyň ogly Malkyýanyň gurruk guýusyna taşladylar, ol guýy garawullaryň howlusynda ýerleşýärdi. Ony tanap bilen aşak salladylar. Guýuda suw ýokdy, diňe läbik bardy. Ýermeýa läbige batdy.


Eý, patyşahym, sen ýatyrkaň hyýalyňa mundan soňra nämeler bolarka diýen pikir geldi we syrlary aýan edýän Hudaý muny saňa äşgär etdi.


Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir.


Soňra Isa olara: «Bu Meniň köp adamlar üçin dökülýän äht ganymdyr.


Şonda ol gygyryp: „Eý, Ybraýym ata, maňa rehim et! Lazary iber, barmagynyň ujuny suwa batyryp, meniň dilimi sowatsyn, sebäbi bu oduň içinde men ejir çekýärin“ diýýär.


Şeýle hem nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir.


«Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady; tussaglara azatlygy, körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge Ol Meni iberdi. Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».


Şunuň ýaly, nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu şerap Meniň ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir. Ondan her gezek içeniňizde, muny Meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi.


Emma sen bu ýerde Meniň ýanymda gal. Ähli tabşyrygy, parzlarymdyr hökümleri olara öwrederiň ýaly, Men olary saňa aýdaryn. Goý, olar bulary mülk edip berjek ýurdumda berjaý etsinler“».


Eger kämil edip bilýän bolsady, onda gurbanlyk hödürlemek bes edilmezmidi? Çünki sežde edýänler günäden bir gezekde päklenenlerinden soň, olaryň wyždany günäleriniň päklenmegine gaýdyp mätäç bolmazdy.


Şeýle bolsa, Hudaýyň Ogluny aýak astyna salana ondan-da agyr jezanyň garaşýandygyny göz öňüne getirip görüň! Mesihiň äht gany bilen päklenip, soňam muny murdar hasaplaýanyň we merhemet Ruhuny ryswa edýäniň haly niçik bolar?


Islegini amala aşyrmagymyz üçin, goý, parahatlyk berýän Hudaý bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ol Rebbimiz Isany ebedilik äht baglaşýan gany arkaly ölümden direltdi we Ony Öz halkynyň beýik Çopany edip belledi. Goý, Hudaý Özüni hoşnut edýän işleri etmegimiz üçin, Isa Mesih arkaly bizi kämilleşdirsin. Isa Mesihe baky şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Perişde ony dowzaha taşlady-da, gulplap, üstünden möhürledi. Ol muny müň ýyl dolýança, aždarha gaýdyp milletleri aldamasyn diýip etdi. Müň ýyldan soň ol az wagtlyk boşadylmalydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ