Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 9:10 - Mukaddes Kitap

10 Efraýymyň söweş arabalaryny, Iýerusalimiň atlaryny ýok ederin, söweş ýaýlary omrulyp taşlanar. Ol halklara abadançylygy berkarar eder. Hökümdarlygy deňizden-deňze, derýadan ýeriň uçlaryna ýeter.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эфрайымың сөвеш арабаларыны, Иерусалимиң атларыны ёк эдерин, сөвеш яйлары омрулып ташланар. Ол халклара абаданчылыгы беркарар эдер. Хөкүмдарлыгы деңизден-деңзе, дерядан ериң учларына етер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 9:10
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştliler ýurduna we Müsür serhedine çenli bolan bütin ýurda patyşalyk etdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli oňa salgyt töläp, hyzmat etdiler.


Çünki tekepbirlere göriplik etdim: olar erbetlik edýän-de bolsa, abadan durmuşlarynyň bardygyny gördüm.


Ýa Taňry, hudaýlar arasynda Sen kimin ýokdur, Seniň işleriňe taý geljek ýokdur.


Şol gün Ýyşaýyň köki halklara nyşan bolar; milletler Oňa ýüz tutarlar, Onuň mesgeni şöhratly bolar.


Reb milletler arasynda kazylyk eder, köp halklaryň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar; millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi.


Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, seni milletlere nur ederin, seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.


Saňa hyzmat etmedik millet we patyşalyk ýok bolar; şol milletler bütinleý weýran ediler.


Ýahuda öýüne welin rehim ederin. Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de, özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».


Şol gün olar üçin meýdandaky haýwanlar, asmandaky guşlar, toprakda ýaşaýan süýrenijiler bilen äht edişerin. Ýurtdan ýaýy, gylyjy, söweş goşunlaryny ýok ederin. Aman ýaşadaryn olary.


Men seni wepadarlyk bilen alaryn, sen Meni Reb hökmünde tanarsyň.


Eý, süriniň gözegçi diňi bolan Sion gyzynyň galasy! Gaýtarylyp berler hökümdarlygyň, Iýerusalim gyzynyň patyşalygy dikeldiler.


Ol gelip, Rebbiň güýji bilen, Hudaýy Rebbiň ajaýyp ady bilen bakar sürini. Olar asuda ýaşarlar; bütin dünýä ýaýrar beýikligi onuň.


Eý, ysraýyllar, siz garşydaşlaryňyzy ýeňersiňiz. Ähli duşmanlaryňyz gyrlyp ýok bolar.


Patyşalaryň tagtlaryny agdararyn, Men milletleriň patyşalyklarynyň güýjüni ýok ederin. Söweş arabalarydyr olaryň üstündäkileri agdararyn, atlardyr olaryň çapyksuwarlaryny ýykaryn, her kim öz ýoldaşynyň gylyjyndan heläk bolar».


Hudaý ysraýyl halkyna iberen bu parahatlyk Hoş Habaryny hemmeleriň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly yglan etdi.


Bularyň bary Hudaýdandyr. Ol Isa Mesih arkaly bizi Özi bilen ýaraşdyryp, bize ýaraşdyrma hyzmatyny tabşyrdy.


Şoňa görä-de, biz Isa Mesihiň ilçileridiris. Hudaý biz arkaly ýüzlenýär. Biz size Mesihiň hatyrasyna ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň!


Aýak basan her bir ýeriňiz siziňki bolar. Siziň ýeriňiz çöllükden Liwana çenli, beýik Ýewfrat derýasyndan Günbatar deňzine çenli uzalar.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ