Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 9:1 - Mukaddes Kitap

1 Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Hadrak ýurduna degişli sözüdir. Bu söz Damask şäherinde galar. Rebbe degişlidir Siriýa şäherleri we ysraýyl tireleri.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Пыгамберлик сөзи. Бу Реббиң Хадрак юрдуна дегишли сөзүдир. Бу сөз Дамаск шәхеринде галар. Реббе дегишлидир Сирия шәхерлери ве ысрайыл тирелери.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 9:1
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram esgerlerini toparlara bölüp, gije şalaryň üstüne çozup, olary derbi-dagyn etdi. Soňra Ybram olary ýene Damaskdan demirgazykda ýerleşen Hobaha çenli kowdy.


Eý, Hudaýymyz, Sen olaryň üstünden höküm çykar! Bize garşy gelýän bu beýik goşuna garşy çykmaga bizde güýç-kuwwat ýok. Biz näme etjegimizi bilemzok, gözümizi Saňa dikýäris».


Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa aýanlyk arkaly gelen pygamberlik:


Ähli milletleriň gözleriniň alnynda Reb mukaddes bilegini çermedi; ýeriň aňry ujy Hudaýymyzyň halas edýändigini görer.


Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler.


Seniň taglymatyň neneňsi beýik, işleriň nähili gudratly! Gözleriň ynsanlaryň edýän ähli işlerini görýändir. Her kese öz tutan ýoluna görä, işiniň miwesine görä sylaglaýarsyň.


Reb şeýle diýýär: «Men surlulary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar doganlyk ähtini unudyp, tutuş jemagaty Edoma gul edip satdylar.


Reb şeýle diýýär: «Bir çopanyň arslanyň agzyndaky goýnuň diňe toýnaklaryny ýa-da gulagynyň bir bölegini halas edip bilşi ýaly, Samariýada ýaşaýan ysraýyl halky-da şeýle halas ediler. Onda diňe döwük-ýenjik öý goşlaryndan başga hiç zat galmaz».


Ninewe şäheri hakyndaky pygamberlik; elkoşly Nahum özüne gelen aýanlygy ýazyp aldy.


«Ýeňil işler eden gününi ähmiýetsiz hasaplanlar Zerubabylyň elindäki şuguly görüp şatlanarlar. Bu ýedi çyra Rebbiň gözüdir, olar dünýäni aýlanyp ýörendir».


Men ony ýolladym. Ol ogrynyň hem-de Meniň adymdan ýalandan ant içýäniň öýüne girer we şol öýde-de galar; agaç-tagtasydyr daşlary bilen bile öýi ýuwudar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».


Pygamberlik sözi. Malakynyň üsti bilen Rebbiň ysraýyllara aýdan sözi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ