Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 8:9 - Mukaddes Kitap

9 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynyň düýbüniň tutulmagyna gatnaşan pygamberlerden şu sözleri eşidenleriňiziň gollary kuwwatly bolsun!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Хөкмүрован Реб шейле диййәр: «Шол гүнлерде Хөкмүрован Реббиң ыбадатханасының дүйбүниң тутулмагына гатнашан пыгамберлерден шу сөзлери эшиденлериңизиң голлары кувватлы болсун!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 8:9
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger Rebbiň Musanyň üsti bilen Ysraýyla tabşyran parzlarydyr hökümlerini berjaý etseň, işiň rowaç bolar. Dözümli hem mert bol; gorkma, ruhdan düşme.


Dawut ýene ogly Süleýmana şeýle diýdi: «Güýçli hem mert bol, işe başla! Gorkma, aljyrama, çünki meniň Hudaýym Hökmürowan Reb seniň bilendir. Rebbiň öýüniň hyzmat işleriniň ählisi tamamlanman, Ol seni taşlamaz, terk etmez.


Ýöne siz berk duruň! Ruhdan düşmäň! Eden işleriňiziň hözirini görersiňiz».


Şeýdip, Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýanyň pygamberlik etmekleri arkaly, ýahudylaryň baştutanlary ybadathanany gurdular; olaryň işleri ilerledi. Olar Ysraýyl Hudaýynyň emri bilen, Pars patyşalary Kureşiň, Darýuşyň we Artakserksiň permany bilen bu binany gurup gutardylar.


Ejiz gollara gujur beriň, kuwwat beriň ejiz dyzlara.


Towşanýüreklilere: «Gaýrata galyň! Gorkmaň! Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär, Ol mynasyp hak bilen gelip, sizi halas eder» diýiň.


Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň birinji güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla we Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa Rebbiň şu sözi aýan boldy.


Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa we halkyň aman galanlarynyň ählisi Rebden gorkup, özleriniň Hudaýy Rebbiň sözüne we Hagaý pygamberiň aýdanlaryna gulak asdylar. Çünki Hagaý pygamberi Beýik Hudaý iberipdi.


Şu günden, ýagny dokuzynjy aýyň ýigrimi dördünden – Rebbiň ybadathanasynyň düýbi tutulan gününden beýläk öz ýagdaýlaryňyz hakda mazaly oýlanyň.


«Ýahudanyň häkimi Zerubabyla Meniň Ýeri we Gögi titretjekdigimi aýt.


Eý, ýahudalar hem ysraýyllar, siz halklar arasynda nälete öwrüldiňiz. Indi Men sizi halas ederin, siz ýalkanyş bolarsyňyz. Gorkmaň, gollaryňyz kuwwatly bolsun!»


Hökmürowan Rebbiň maňa şu sözi aýan boldy:


Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň.


Eý, oglum, Isa Mesihiň berýän merhemeti bilen kuwwatlan.


Dözümli hem mert bol! Meniň olaryň ata-babalaryna ant içip, söz beren ýerimi eýelemekde sen şu halka ýolbaşçy bolmalysyň.


Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetirer ýaly, ony gije-gündiz aňyňda sakla, şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ