Ine, Men olary demirgazyk ýurdundan getirerin, dünýäniň aňry uçlaryndan ýygnaryn; olaryň arasynda kör, agsak, göwreli we çaga dogurýan hem bolar; olar uly mähelle bolup bu ýere dolanar.
Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men sizi halklaryň arasyndan ýygnaryn, dargadylan ýurtlaryňyzdan bir ýere jemlärin we Ysraýyl topragyny size bererin.
Ýahuda neslini kuwwatlandyraryn, Ýusup neslini halas ederin, Men yzyna getirerin olary, çünki olara rehimim indi. Men tarapdan unudylmadyk ýaly bolarlar. Sebäbi olaryň Hudaýy Reb Mendirin; Men olara gulak asaryn.
Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
diňe şonda Hudaýyňyz Reb size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp berer we rehim-şepagat eder. Hudaýyňyz Reb sizi dargadyp goýberen başga halklarynyň içinden ýene-de yzyňyza ýygnar.