Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 8:22 - Mukaddes Kitap

22 Ençeme halklar, güýçli milletler Hökmürowan Rebbi gözlemäge we Rebbe ýalbarmaga Iýerusalime gelerler».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Энчеме халклар, гүйчли миллетлер Хөкмүрован Ребби гөзлемәге ве Реббе ялбармага Иерусалиме гелерлер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 8:22
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma men bir mätäç, ejir çekýärin, eý, Hudaý, halas et we gora meni.


Ahyrky günlerde şeýle bolýar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler.


Köp halklar gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna – Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.


Bütin halklary örten örtügi, ähli milletleriň üstündäki ýapynjany bu dagdan ýok eder.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, milletlere elim bilen yşarat ederin, halklara baýdagymy galdyraryn; olar ogullaryňy gujaklarynda getirerler, gyzlaryňy gerişlerinde götererler.


Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, seni milletlere nur ederin, seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.


Ine, siz tanamaýan milletleriňizi çagyrýarsyňyz, sizi tanamadyk milletler-de, size gelerler. Bu Ysraýylyň Mukaddesi, Hudaýyňyz Reb sebäplidir, Ol sizi şöhratlandyrdy.


Köp milletler gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna, Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň, ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.


Reb halklar arasynda kazylyk eder, köp milletleriň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar. Millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi.


Men ähli milletleri-de sarsdyraryn, şonda ähli milletleriň hazynalary şu ýere geler we Men bu öýi şan-şöhratdan dolduraryn. Muny diýýän Men – Hökmürowan Rebdir.


Iýerusalimiň üstüne çozan milletlerden aman galanlary Patyşa, ýagny Hökmürowan Rebbe ybadat etmek hem-de Çatma baýramyny bellemek üçin ýylyň-ýylyna Iýerusalime giderler.


Bir şäherde ýaşaýanlar başga bir şähere gidip, şeýle diýerler: „Geliň, Rebbe ýalbaralyň, Hökmürowan Rebbiň gözlegine çykalyň. Ine, men-ä ýola düşdüm“.


Hudaý Ybraýyma: «Ähli milletler sen arkaly ýalkanar» diýip, oňa ilkibaşda buşlapdy. Mukaddes Ýazgylaryň şu sözleri Hudaýyň milletleri imanlaryna görä aklajakdygyny owaldan habar beripdi.


Ýa Reb, Senden gorkmajak barmy? Adyňa şöhrat aýtmajak barmy? Çünki mukaddes ýeke-täk Sensiň! Ähli milletler huzuryňa gelerler, olar Saňa sežde ederler. Çünki adalatly hökümleriň aýan boldy».


Halklar bu şäheriň nurunda gezerler. Dünýäniň şalary oňa öz şan-şöhratyny getirerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ